• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Zenan saglygy
  • DEZODORANTLAR GÖWÜS RAGYNA SEBÄP BOLÝARMY?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DEZODORANTLAR GÖWÜS RAGYNA SEBÄP BOLÝARMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

dezodorant gowus ragyGoltugyň ýakymsyz ysyny aýyrmaga niýetlenen iki dürli önüm giňden peýdalanylýar: antiperspirantlar we deodorantlar:

Antiperspirantlar esasan derlemä garşy ulanylýar, çünki olar düzüminde dere böwet bolýan alýuminiý duzlaryny saklaýarlar.

Dezodorantlar goltukdaky ýakymsyz yslary aýyrmak üçin niýetlenen we derlemä täsir etmeýärler. Olaryň düzüminde alkogol esasly maddalar bolýar we alýuminiý bolmaýar.

Soňky ýyllarda antiperspirantlaryň düzümindäki alýuminiý baradaky aladalanmalar köpeldi. Käbir adamlar goltukdaky limfatik düwünleriň bu alýuminiýi özüne siňdirip, wagtyň geçmegi bilen öýjüklere zeper ýetirýändigine we rak keseline eltýändigine ynanýarlar.

Ylym näme diýýär?

Bu ugurdan birnäçe ylmy barlaglar geçirildi, emma olaryň hiç birisi göwüs ragy bilen antiperspirantlaryň we dezodorantlaryň arasynda baglanyşyk tapmadylar. 

Onda antiperspirantlardaky alýuminiý adamlary näme üçin aladalandyrýar?

↪ Ylmy barlagçylar göwüs ýaglarynda, göwüs dokumalarynda, göwüs suwuklyklarynda we süýdünde alýuminiýiň yzlaryny tapdylar.

↪ Göwüs raklarynyň köpüsi göwüsleriň daşky böleginde, ýagny limfatik düwünlere ýakyn we antiperspirantlaryň hem ýakynlaşýan böleginde döreýärler.

↪ Aýallaryň köpüsi antiperspiranty goltuklaryny syransoňlar ulanýarlar. Goltuklar syrylanda deride ownuk kesikler we azmalar döräp, alýuminiýiň bedene siňmesi aňsatlaşyp bilýär. Şunuň üçin hem, antiperspirantlaryň etiketkasynda ony kesilen deride ulanmazlyk we örgün ýa-da azma ýüze çyksa ulanmagy bes etmek duýdurylýar.

Şeýle-de, köpler erkeklerde göwüs ragynyň az döremegini olaryň antiperspiranta böwet bolýan gür goltuk tüýlerinden görýärler. Bu hem nädogry ynançdyr. Ylmy subutnamalara görä, erkeklerde göwüs ragynyň az gabat gelýändiginiň sebäbi olarda göwüs ragynyň döreme töwekgelçiligini ýokarlandyrýan göwüs dokumalary we estrogen gormony örän az bolýar.

Häzire çenli bilýänlerimiz:

↪ Biz alýuminiýi esasy iýip-içýän zatlarymyzyň üsti bilen kabul edýäris. Agramy ýeňil bolan bu metal, tebigy taýdan agyz suwunda we käbir iýmitlerde örän az mukdarda saklanýar. Bu käbir derman serişdeleriniň (aspirin, antasidler, waksinalar) we kosmetik serişdeleriň (laklar, tenler, pomadalar) düzüminde hem saklanýar. Şeýle-de, ençeme gazanlar, saçlar, çüýşeler we gapyrjaklar alýuminiýden ýasalýar we olardan ujypsyz mukdarda alýuminiý iýmite we içgä geçip bilýär.

↪ Deriniň üsti bilen antiperspirantlardan bedene nähili möçberde alýuminiýiň girýändigini derňeýän ylmy barlag örän az. Derä çalynýan islendik serişdeden geçýän alýuminiýiň mukdary juda az. Emma, päki ýa-da örgün zerarly zeperlenen deri sagdyn derä garanyňda has köp alýuminiý siňdirýäne meňzeýär.

↪ Ylmy barlagçylar göwüs dokumalarynda we suwuklyklarynda alýuminiýiň yzlaryny tapan hem bolsalar, olar alýuminiýiň nämäniň üsti bilen bedene düşendigini bilmeýärler. Şeýle-de alymlar ganda, süňkde, myşsada, beýnide we beýleki dokumalarda hem alýuminiýiň yzlaryna gabat geldiler.

↪ Adatça bedene daşardan girýän alýumiýiň örän az bölegi bedende saklanyp galýar. Çünki bedene öz işlerini ýerine ýetirmek üçin alýuminiý gerek bolmaýar we ol hajathana gidilende bedenden çykarylýar.

↪ Göwüs raklarynyň köpüsi göwüsleriň antiperspirantlaryň sepilýän ýa-da çalynýan ýerine ýakyn böleklerinde döreýän hem bolsa, alymlara görä, kesel antiperspirantlar sebäpli däl-de, göwüsleriň bu böleklerinde has köp dokumanyň bardygy sebäpli bu ýerlerde kän duş gelýär.

Sen näme edip bilersiň?

Hatda antiperspirantlar bilen göwüs ragynyň arasynda baglanyşyk ýok hem bolsa, beýleki sebäplere görä bedeniňe girýän alýuminiýiň mukdaryny azaltmak gowy pikirdir. Beýnini we oňurgany öz içine alýan nerw ulgamy alýuminiýden zyýan çekip biljek iň ejiz ulgam hasaplanýar. Alýuminiýiň daş-töweregimizde şeýle kändigi sebäpli, ondan doly daşlaşmak mümkin däldir, emma onuň saglyk töwekgelçiliklerini azaltmak üçin birnäçe çäreleri görüp bileris:

↪ Atiperspiranty goltuklar syrylan badyna ulanmazlyk. Oňa derek, agşam suwa düşüp we syrynyp, ir bilen goltuklardaky alawlama gaýdyşansoň çalnyp bilersiň.

↪ Düzüminde az alýuminiý saklaýan antiperspirant ulanmak. Eger aşa köp derlemeýän bolsaň, olaryň tapawudyny hem duýmarsyň. Satyn almazdan öňürti, önümiň etiketkasyny okap, düzümindäki alýuminiýiň göterimini barlap bilersiň.

↪ Dezodoranta geçmek. Dezodorantlar bedeniň ýakymsyz yslanmagynyň öňüni alýarlar, emma goltuklary derlemekden saklap bilmeýärler – çünki dezodorantlarda alýuminiý bolmaýar. Düzüminde alýuminiýiň ýokdugyna güwä geçmek üçin, hemişe önümiň etiketkasyny oka.

↪ Düzüminde alýuminiý saklamaýan saçlary we gazanlary ulanmak. Polatdan ýa-da demirden ýasalan saçlary, ýa bolmasa düzümindäki alýuminiý bölünip daşary çykmaz ýaly edilip ýasalan gaplary ulanyp bilersiň.

↪ Gaýtadan işlenen peýnirler, duzlanan önümler, hamyr ýumşadyjy serişdeler ýaly önümleriň düzüminde alýuminiý saklanyp bilýär. Olary satyn alanyňda etiketkasyny barla. Alýuminiýiň iýmitleriň düzüminde köp gabat gelýän atlary: zäk, glinozýom, alýuminat we alýuminiý.

↪ Sary gaýnamany we iýeniň siňmezligini bejermek üçin düzüminde alýuminiý saklaýan antasidleri ulanmagyň deregine, narpyzly çaý içip ýa-da sakgyç çeýnäp gör.

↪ Düzüminde alýuminiý saklamaýan şampunlary, sabynlary, kremleri we kosmetik serişdeleri ulan.

↪ Alýuminiý gapyrjaklarda satylýan iýmitleri we içgileri almajak bol. Oňa derek, aýna gaplylaryny we doňdurylan önümleri alyp bilersiň.

Çeşmeler:

1. breastcancer.org – Bu girdeji üçin döredilmedik gurama göwüs ragy barada iň ygtybarly, çäklendirilmedik, we iň soňky çykan maglumatlary hödürleýär.

2. cancer.gov – ABŞ hökümetiniň rak keselleriniň ylmy-barlaglaryna bagyşlanan saýty.

3. ewg.org – Girdeji üçin döredilmedik, bitarap topar bolup, sagdyn durmuş barada iň täze ylmy barlaglary we maglumatlary çap edýär.

  • 966 gezek okalan