• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Zenan saglygy
  • ÝATGYNYŇ RAK KESELI: ALAMATLARY, ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝATGYNYŇ RAK KESELI: ALAMATLARY, ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

yatgynyn rak keseliÝatgynyň rak keseli – ýatgynyň nemli bardasyndan (endomertiýa) ýa-da başga gatlagyndan döreýän howply täze döremedir. Bu keseli şeýle hem ýatgy bedeniniň ragy ýa-da endometriýanyň ragy diýip hem atlandyrýarlar. Köplenç 50-65 ýaş aralygyndaky aýallarda ýygy duş gelýän bolsa hem, soňky ýyllarda ýaş aýallarda hem duş gelme ýygylygy ýokarlanma ýykgyn edýär.

Ýatgy ragy haýsy ýagdaýlarda döräp bilýär?

Häzire çenli dünýä lukmançylyk tejribesi ýatgy ragyna getirýän anyk sebäpleri aýdyp bilenok. Ýöne oňa getirýän käbir töwekgelçilik toparlary tapawutlandyrylýar:

↪ Gormonal bozulmaly aýallar – bu toparda ýatgynyň ragy 50 ýaşdan kiçi aýallarda duş gelip bilýändir. Ýumurtgalyklaryň polikistoz keseli, ýatgydan gan akma ýagdaýlary, önelgesizlik, semizlik, süýji keseli, endometrioz, ýatgynyň sowuklamasy wagtynda bejerilmedik halatlarynda raga magsus üýtgemelere getirip biler.

↪ Awtonom, ýagny ýatgynyň öz nemli gatlagynyň üýtgemegi, galyňlaşyp, öýjükleriniň tertipsiz köpelmegi netijesinde döräp bilýändir. Beýle sebäpli rak esasan endokrin bozulmalary bolmadyk, 50 ýaşdan uly aýallarda döräp bilýär.

↪ Nesilyzarlaýjylyk – genetiki töwekgelçiligi ýokary bolan aýallarda duş gelip, köplenç ýogyn içegäniň ragy bilen utgaşyp ýüze çykýp bilýär.

Ýatgy ragynyň mahsus alamatlary barmy?

Keseliň başlangyç döwründe alamatlar bildirmän hem bilýändir. Jynsy gatnaşyk wagty agyrynyň döremegi we gan akma, aýbaşy halkasynyň ortasynda ýa-da aýbaşydan galma döwründe jynshanadan gan akma ýatgynyň ragyna mahsus alamatlara degişli edilip bilner. Şeýle hem, uly mukdarda suwly bölünip çykmalar, garnyň aşagynda dörän uzaga çeken agyrylar, içegeleriň we peşew haltanyň işiniň bozulmalary barlag geçirmäge çynlakaý esas bolup durýändyr.

Ýatgynyň ragyny anyklamagyň nähili usullary bar?

Keseliň başlangyç anyklaýyş çäresi – ginekolog lukmanyň barlagy bolup, onuň netijesinde ol PAP-test barlagyna, biopsiýa, kiçi çanaklyk agzalarynyň ultrases barlagyna iberip biler. Ondan başga-da, ýatgynyň ragyny we onuň ýaýrama ýagdaýyny takyk anyklamak üçin ganyň dürli barlaglary, içki agzalaryň ultrases barlagy, gisteroskopiýa (ýatgynyň içiniň abzal bilen barlagy), kolposkopiýa, magnit-rezonans tomografiýa, kompýuter tomografiýa, döş kapasasynyň rentgen barlaglary giňden ulanylýar.

Ýatgynyň ragy diňe hirurgiki usul bilen bejerilýärmi?

Keseliň bejergi usuly ýatgy ragynyň görnüşi, keseliň geçiş tapgyry anyklanylandan soň kesgitlenýändir. Keseliň başky tapgyrynda esasan hirurgiki usul ulanylyp, ol howply döremäni ýa-ga ýatgyny aýyrmaga gönükdirilendir. Köplenç, hirurgiki usulda diňe ýatgy aýrylman hirurg ýumurtgalyklary we ýatgy turbalary hem aýyrýar. Aýalyň ýagdaýyna görä, bejergi himiki serişdeleri berme, şöhle bilen, gormon berme bejergisi bilen utgaşykda geçirilýär.

Keseliň giçki tapgyrynda, gaýtalanmanyň öňüni almak üçin hökmany ýagdaýda şöhle bilen bejergi we himiýa serişdeleri tapgyrlaýyn ulanylýar.

Ýatgynyň ragy bilen kesellänlere nähili gözegçilik geçirilmeli?

Ýatgynyň ragy bilen bejergi alýan aýallara gözegçilikleriň we barlaglaryň hökmany tertibini berjaý etmek wajypdyr:

↪ Ilkinji 3 ýylda her 3 aýdan aýal lukmanyň barlagy, soňky 2 ýylda her 6 aýdan barlagy geçmeli;

↪ Birinji 2 ýylda her 3 aýdan jynshananyň nemli gatlagynyň sitologiki barlagyny geçmeli, soňky 3 ýylda – şöhle bilen bejergi geçmedikler her 6 aýdan barlagy geçirmeli;

↪ Birinji 2 ýylda her 3 aýdan çanaklyk agzalaryň USB-ny geçmeli, soňky 3 ýylda – her 6 aýdan;

↪ Ýylda bir gezek döş kapasasynyň rentgen barlagyny geçmeli.

Ýatgynyň rak keselinde ömrüň dowamlylygy näçe?

Ömrüň dowamlylygy keseliň tapgyryna baglydyr. Keseliň I tapgyrynda 5-ýyllyk ýaşaýjylyk 86-98% deň bolsa, II tapgyrda – 70-71%, III tapgyrda – 32,1%, IV tapgyrda – 5,3% barabardyr.

Ýatgynyň rak keseli esasan birinji 3 ýylda gaýtalanyp bilýändir. Ondan soň gaýtalanma ýygylygy peselmä ýykgyn edýär. Kesel gaýtalanda rak öýjükleri limfa düwünlerinde, jynshanada, başga agzalarda tapylýar.

Keseliň irki tapgyrda anyklanylmagy we dogry bejerginiň geçirilmegi, keseliň agyr gaýraüzülmeleriniň öňüni alyp, aýalyň ömrüni uzaltmaga mümkinçilik berýändir.

Ýatgy ragynyň öňüni alyp bolýarmy?

Ýatgynyň rak keseliniň öňüni almagynyň esasy şerti – aýal lukmanynyň kadaly gözegçiligini geçmekdir. Barlaglar diňe bir keseli irki tapgyrda anyklap, ýerlikli bejergini geçirmäge mümkinçilik bermän, oňa getirip biljek keselleri hem wagtynda bejermäge şert döredýär.

Ýatgynyň ragynyň öňüni alyp biljek waksina ýokdur. Ýöne adamyň papilloma wirusyna garşy geçirilýän waksinasiýa ýatgy boýunjygynyň rak keseliniň öňüni alyp bilýändir.

Ulanylan çeşmeler:

1. "Гинекология" Национальное руководсто, ГЭОТАР-Медиа-2013 г.

2. Сильвия К Роузвия "Гинекология" справочник практического врача, 2007 г.

  • 1601 gezek okalan