Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
AÝBAŞYDAN GALSAŇ-DA YNJALYKDAN GALMAZLYK
Aýbaşydan galma tebigy hadysa bolup, her aýda gelýän aýbaşynyň soňlanandygyny habar berýär. Bu döwürde aýallyk ýumurtgalary kem-kemden ýumurtga öýjügini bölüp çykarmagy bes edýärler. Aýbaşydan galma adatça 45-55 ýaş aralygynda başlanýar we giňişleýin 3 döwre bölünýär:
1. Aýbaşydan galmanyň irki döwri (iň: perimenopause): Bu aýbaşyň gelmesi doly kesilýänçä geçýän wagt bolup, birnäçe ýyla çekip bilýär. Bu irki döwürde aýallyk ýumurtgalarynyň işi haýallaýar, şol bir wagtda hem, aýbaşy agyr gelmäge we seýrek gelmäge başlap bilýär. Aýbaşydan galmanyň irki döwründe göwrelilik döräp bilýär, ýöne wagtyň geçmegi bilen bu ähtimallyk peselýär.
2. Aýbaşydan galma döwri (iň: menopause): Aýbaşynyň 12 aýlap gelmezligi bilen alamatlandyrylýar. Aýbaşydan galma tebigy ýagdaýda bolup geçýär, emma kä halatlarda operasiýanyň, näsaglygyň ýa-da derman-därileriň netijesinde hem başlanýar. Bu döwür gelip ýeteninden soňra göwrelilik tebigy şertlerde döräp bilmeýär we diňe ekstrakorporal tohumlandyrmanyň kömegi bilen göwreliligi emeli usulda başladyp bolýar.
3. Aýbaşydan galmanyň giçki döwri (iň: post-menopause): Bu döwürde aýbaşy doly kesilip, aýalyň önelgeli ýyllary soňlanýar. Bu döwür hem iki bölege bölünip, ilkinji bölegi iň soňky aýbaşydan soňra 5 ýyl töweregi dowam edýär we aýbaşydan galma döwrüniň alamatlarynyň iň ýygy ýüze çykýan wagty hasaplanylýar. Bu bölekden soňra alamatlar azalyp ugraýar, emma käbir aýallar alamatlary ençeme ýyllap başyndan geçirýärler.
Aýbaşydan galma döwrüniň nähili alamatlary bar?
Aýbaşydan galma döwründe ähli aýalda birmeňzeş alamatlar ýüze çykmaýar we alamatlar aýaldan aýala üýtgäp bilýär. Kä aýallar bu döwri asla hiç zat duýman geçirseler, beýlekiler ýakymsyz alamatlardan ejir çekýärler. Käbirleri üçin bolsa alamatlar birnäçe ýyllap, hatda onlarça ýyllap hem dowam edýär.
Aýbaşydan galmanyň ähli döwürlerinde bedende ýüze çykýan gormonal üýtgeşmeler aýalyň fiziki, emosional, sosial we psihiki saglygyna täsir edip bilýär. Köp duş gelýän alamatlar:
↪ Bedene gyzgynlyk inmeler we gije derlemeler. Gyzgynlyk inende birdenkä ýüz, boýun we döş gyzyp, yz ýanyndan deri gyzarýar, derleýär, ýürek çalt urýar – bu ýagdaý birnäçe minut dowam edip biler;
↪ Aýbaşy halkasynyň ýygylygynda, dowamlylygynda we aýbaşynyň mukdarynda üýtgemeler;
↪ Jynsy islegiň peselmegi;
↪ Jynshanada gurulyk, jynsy gatnaşyklarda agyrylar we peşewiňi saklap bilmezlik;
↪ Uky almakda kynçylyklar/ukusyzlyk;
↪ Beýniniň dumanlamagy, huşsuzlyk, ünssüzlik;
↪ Keýpiň bozulmagy, depressiýa, ynjalyksyzlyk;
↪ Semreme we metabolizmiň haýallamagy;
↪ Bedende umumy agyrylar, bogunlaryň we süňkleriň agyrylary;
↪ Buşukmalaryň we/ýa-da peşew ýollarynyň ýokançlygynyň ýygylaşmagy.
Aýbaşydan galma döwrüniň alamatlaryny nädip ýeňledip bolýar?
Bu döwrüň alamatlarynyň köpdürli bolany we ençe aýallaryň birnäçe alamatlary bir wagtda başdan geçirýändigi üçin, her kişi öz ýagdaýyny gowulaşdyrmak üçin özüne iň ýaramly usullary saýlap alýar. Bu usullaryň käbirleri: öýüň temperaturasyny salkyn saklamak, wagtly-wagtynda maşk etmek, ýeňil we howa geçiriji eşikleri geýmek, kelläňi dury saklamak we ýeterlik dynç almak, akupunktura etdirmek. Durmuşy üýtgeşmeleriň netije bermedik halatlarynda aýallar lukmançylyk kömegini hem alýarlar: gormon bejergilerini almak, suplementleri kabul etmek, waginal estrogen ýa-da antidepressant serişdeleri ulanmak.
Eger özwagtynda çäre görülmese, aýbaşydan galma döwrüniň ýakymsyz alamatlary düýpli saglyk meselelerine eltip bilýär. Bu sebäpli, aýallaryň aýbaşydan galma döwrüni sagdyn we oňaýly geçirip bilmekleri üçin ýokary hilli hyzmatlaryň we ygtybarly maglumatlaryň ähli aýallara elýeterliligini gazanmak wajypdyr.
Aýbaşydan galma döwründe aýala näme gerek?
Aýbaşydan galma döwrüniň kynçylyklary diňe onuň fiziki alamatlaryna çäre görmek bilen soňlanmaýar, ol emosional, sosial we seksual saglyk kömegini öz içine alýan hemmetaraplaýyn çemeleşmäni talap edýär. Aýbaşysy soňlansa-da aýalyň seksual durmuşy ýa-da reproduktiw hukuklary soňlanmaýar. Aýala ondan aňryk göwreliligiň öňüni almak zerur bolmasa hem, doly görnüşli seksual saglyk hyzmatlary oňa elýeterli bolmalydyr. Ömürleriniň bu möhüm etapynda aýallar daş-töweregindäkileriň goldawyny duýmaly we saglyklaryny we abadanlyklaryny öňe sürýän kararlary berip bilmek üçin ýeterlik mümkinçilikler bilen gurşalmaly.
Aýbaşydan galma döwrüniň pozitiw täsirleri nämeler?
Aýbaşydan galma döwri ýakymsyz alamatlary bilen meşhur hem bolsa, ol köp aýal üçin durmuşyň täze we ýakymly sahypasyny açýandyr. Aýallaryň köpüsi aýbaşa we kontrasepsiýa degişli ähli gaýgy-aladalardan dynandyklary üçin arkaýynlyk we erkinlik duýýarlar. 65 ýaşdan geçen ençeme aýallarda bolsa, aýbaşydan galmanyň giçki döwründe ýakymsyz alamatlar soňlanýar, pensiýa çykylýar ýa-da iş azalyp işe degişli stres hem azalýar. Bu döwürde adatça aýallaryň çagalary hem ulalan we özbaşdaklaşan bolýarlar. Bu aýallara özüne has köp wagt we energiýa sarp etmäge ýol açýar. Köp aýallar bu döwürde şahsyýet hökmünde ösmekden, saglyklaryna has içgin üns bermekden, täze güýmenjelere we hatda täze hünärlere başlamakdan hem lezzet alýarlar.
- 111 gezek okalan