Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
AÝALDA JYNSY ISLEG NÄME ÜÇIN PESELÝÄR?
Aýalda jynsy islegiň (lukmançylykda "libido" diýilýär) peselmegi ýygy duş gelip, hemişe saglyk ýagdaýlaryň üýtgemegine bagly bolmaýar. Umumy beden we aýal jyns agzalarynyň keselleri bilen bir hatarda, ruhy-emosional durkuň üýtgemegi (ruhy ýagdaýyň bozulmagy, dowamly stres, ýadawlyk we baş.) hem bu islegi peseldip, maşgala gatnaşyklaryna täsir edip bilýändir.
Jynsy islegiň peselmeginiň biologik sebäpleri
Beden gormonlarynyň işläp çykmagyna, jyns agzalaryň gan aýlanyşygyna täsir edýän keseller jynsy höwesiň peselmegine sebäp bolup bilerler:
↪ Endokrin ulgamynyň keselleri – gipofiziň täze döremeleri, galkan şekilli mäziň işiniň peselmegi, ýumurtgalyklaryň işiniň bozulmagy, testosteron gormonynyň derejesiniň peselmegi, semizlik;
↪ Aýal jyns agzalaryň keselleri – alawlama keselleri, aýbaşydan galma döwründen soň jynshanada nemli gatlagyň atrofiýasy, jyns agzalaryň rak keselleri, jyns agzalaryň doga kemçilikleri, ýatgyny we ýumurtgalyklary aýyrmadan soňky ýagdaý. Bu keselleriň hemmesi jynshananyň nemli gatlagynyň az nemlenip guraşmagyna, kadasyz bölünip çykmalaryň, agyrylaryň döremegine getirip, jynsy gatnaşyklarda oňaýsyzlygyň döremeginiň sebäbi bolup biler;
↪ Ýürek-damar ulgamynyň keselleri – meselem, gan basyşynyň ýokarlanmagy;
↪ Käbir dermanlaryň kabul edilmegi – aýal gormonlary, tutgaý keseline garşy ulanylýan dermanlar, antidepressantlar, buşukdyryjy serişdeler, süýjüli diabete garşy dermanlar, onkologiki kesellerde ulanylýan dermanlar;
↪ Bagryň we böwregiň agyr bozulmalary, bedeniň alkogol bilen dowamly zäherlenme ýagdaýlary.
Ruhy-emosional sebäpleri
↪ Geçmişde jynsy gatnaşyklar bilen bagly şowsuz ýa-da ýakymsyz ýagdaýlaryň bolmagy, özüňe ynamyň bolmazlygy;
↪ Jynsy gatnaşyklar bilen bagly terbiýäniň, maglumatyň bolmazlygy;
↪ Aýalyň adamsyndan göwnüniň galmagy, özara çözülmedik durmuşy meseleler we soraglar;
↪ Aşa ýadawlyk, agyr stres, depressiýa;
↪ Aýalyň özüne garşy edilýän zorluk, ruhy zulum, agressiw güýç;
↪ Aýalda ruhy keselleriň bolmagy- şizofreniýa, kemakyllylyk;
↪ Waginizm – jynsy gatnaşyklara synanyşyk wagty jynshananyň myşsalarynyň agyryly ýygrylmagy we gatnaşyga päsgelçilik bermegi;
↪ Islenilmedik göwreliligiň ýüze çykmagyndan gorkmak.
Tebigy sebäpleri
Jynsy höwes aýal jyns gormony bolan estrogeniň we testosteronyň derejesine baglydyr. Estrogen esasan aýbaşy halkasynyň birinji ýarymynda köp işläp çykýar, ikinji ýarymynda bolsa progesteron gormony agdyklyk edip, höwesi peseldýär. Şol sebäpden hem, aýbaşydan 12-14 gün soň, aýbaşa ýakyn wagtlar aýalyň jynsy islegi peselmä ýykgyn bolup biler.
Şonuň ýaly-da, göwreliligiň dowamynda çagany saklamak maksady bilen bedende progesteronyň ýokary derejesi saklanýandyr.
Dogumdan soň, çaga emdirme döwründe hem jynsy höwesi peseldýän prolaktin gormony işläp çykarylýar. Şol sebäpden hem, çaga dogandan soň birinji 3-4 aýda aýalyň jynsy isleginiň peselmegi geň däldir. Üstesine hem, çaga seretmek aladasy, ýadawlyk, adaty gün tertibiniň üýtgemegi hem goşmaça sebäpler bolup bilerler.
Göwreliligiň öňüni alýan gormonal serişdeler hem seksual gyzyklanmany peseldip bilerler. Şeýle ýagdaýda, lukman jynsy işlege täsir etmeýän başga usullary saýlap bermäge kömek edip biler.
Jynsy islegiň peselmeginiň alamatlary
Elbetde, esasy alamat – jynsy gatnaşyklary geçirmäge islegiň bolmazlygydyr. Bu alamat bilen birlikde gamgynlyk, özüňden göwnüň geçmegi we özüňi pes bahalandyrma, öýkeleklik, keýpiň üýtgäp durmagy, howsalalylyk ýaly ýagdaýlara syn edilip bilner. Öz ýanýoldaşyňa gönükdirilen seksual islegiň bolmazlygy we jynsy gatnaşyklardan öňki ýaly kanagatlanmanyň, lezzetiň alynmazlygy maşgala gatnaşyklarynyň, özara ruhy jebisligiň gowşamagyna sebäp bolýar.
Jynsy islegiň peselmeginiň bejergisi
Aýal jynsy höwesiniň peselmeginiň anyklaýyş we bejeriş çärelerini ginekolog, terapewt, endokrinolog, gerek ýagdaýlarda psiholog lukmanlary bilelikde geçirmelidirler. Bejerginiň esasynda oňa getiren sebäpleri aradan aýyrmak çäreleri ýatýandyr.
Bejerginiň saldamly bölegini jübütleriň arasynda ruhy jebisligi we özara düşünişmegi ýola goýmak çäreleri düzýändir. Jübütler öz seksual isleglerini, kynçylyklaryny biri-birine ýetirmegi we biri-birini diňlemegi başarmalydyrlar. Söýgi duýgusyny we seksual islegi täzeden dikeltmäge aşakdaky maslahatlar kömek edip biler:
↪ Jynsy gatnaşyklaryň öň ýany otagda oňaýly, melul ediji, ýakymly gurşawy döretmek – ýakymly saz, ys berijileri ulanmak, şemleriň kömegi bilen üýtgeşik yşyklandyrma döretmek, gelşikli geýinmek;
↪ Jynsy gatnaşykdan öň erkek adam tarapyndan taýynlaýjy hereketleri ulanmak – aýal bedeniniň duýgur (erogen) nokatlaryny gyjyndyrmak, sypalamak, öpmek, emaý bilen owkalamak. Kähalatlarda erotiki mazmunly wideo bilelikde syn etmeler hem seksual islegiň täzeden möwç almagyna itergi berýändir;
↪ Jynsy gatnaşykda jynshanany nemlendirmek üçin lubrikantlary (nemlendirijileri) ulanmak;
↪ Öz bedeniň duýgur böleklerini öwrenmek, seksual fantaziýalaryňy ösdürmek, öz bedeniňi söýmegi öwrenip, çekinjeňlikden, utanmadan azat bolmaga çalyşmak;
↪ Beden çeýeligini gazanmak üçin sport bilen meşgullanmak;
↪ Dogry iýmitlenme düzgünlerine eýermek;
↪ Ruhy-emosional bozulmalary özwagtynda aradan aýyrmagy başarmak.
Saýtyň ginekolog lukmany
- 136 gezek okalan