• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Zenan saglygy
  • GYZJAGAZLARDA ÝÜZE ÇYKÝAN KYNÇYLYKLAR

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GYZJAGAZLARDA ÝÜZE ÇYKÝAN KYNÇYLYKLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.26 (19 Ses)

Ene-atalaryň aglabasy gyzjagazlary ginekolog lukmanyň barlagyndan geçirmegi gerekmejek çäre hasaplaýarlar. Köp adamlarda ginekolog lukmanyna gyzjagaz ulalyp, durmuşa çykandan soň barmaly diýen pikir bar. Şonuň üçin hem, kiçijik gyzjagazlarda ýüze çykýan ginekologik kesel, ene-atalary üçin duýdansyz bir alada bolýar. Ondan başga-da, ene-atalar garyn boşlugynda ýüze çykýan islendik agyrynyň sebäbi, aşgazanyň, içegäniň, peşew bölüp çykaryş ulgamynyň keselleridir diýip pikir edýärler. Hakykatdan bolsa, ol gyzjagazlarda köp duş gelýän sistitiň (peşew  haltanyň sowuklamagy) ýa-da wulwowaginitiň (jyns agzalaryň sowuklama keseli) alamaty hem bolup biler.

15-16 ýaşa çenli, gyzjagazlarda ýüze çykýan esasy ginekologiki kynçylyklaryň üstünde durup geçeliň.

Gyzjagazlaryň jyns agzalarynyň dogry emele gelmeginde käbir kynçylyklar enäniň göwrelilik döwründe ýüze çykyp biler.

Jyns agzalary göwreliligiň 16-njy hepdesine çenli emele gelip gutarýar. Şonuň üçin hem bu döwürde ýüze çykan näsazlyklar ýa-da ýaramaz faktorlar (dowamly ýokançlyklar, çilim çekme, alkogol içgiler) jyns agzalaryň dogry emele gelmegine ýaramaz täsirini ýetirip biler.  

Şol sebäpli hem, dogmadyk çagada jyns agzalarynyň dogabitdi kemçilikleri ýa-da ýumurtgalyklarda çiş keselleri döräp biler. Bu ýagdaýlaryň ikisini hem USB-da ýüze çykaryp bolar. Dograndan soň bu gyzjagazlary bejergi üçin lukmanyň ýanyna iberýärler. Enäniň göwreli döwründe, onuň indi dogjak gyzynda dörän ýumurtgalygyň kistasyny hem görüp bolýar. Ýöne onuň ýaly kista wagtyň geçmegi bilen ýitip gidýär we bejergi talap etmaýär.

Dogrumdan soň, birinji hepdelerde hem kiçijik gyzjagazlarda duýdansyz ýagdaýlar bolup biler. Gyzjagazlaryň süýt mäzleri çişip, ondan süýde meňzeş ak damjajyklaryň çykmagy mümkin. Jyns ýollaryndan hem ak ýa-da ganjymak bölünip çykmalar bolup biler. Bu ýagdaýlaryň hemmesi göwrelilik we dogrum wagtynda enäniň bedeninde estrogen gormonynyň köp işläp çykarmagy bilen düşündirilýär.

Şol gormonlaryň bir bölegi dogrum wagty çaga hem geçýär. Enelere ynjalyksyzmagyň geregi ýokdyr. Estrogen gormonlaryň derejesiniň peselmegi bilen, ol ýagdaýlar hem geçip gider. Şol döwürde gyzjagazlaryň daşky jyns agzalaryny arassa saklamalydyr. Süýt mäzleri gysmaly däldir.

Eneler 1 aýdan soň gyzlaryny çaga ginekolog lukmanyň ýanyna barlaga getirseler gowy bolar. Bu ýüze çykarylan kynçylyklary wagtynda bejermäge mümkinçilik berer.

Meselem, gyzjagazlarda kinnigiň (klitor) uly bolmagy, olaryň böwrek üsti mäziniň näsazlygynyň alamaty bolup, soňundan jyns kämilligiň wagtyndan öň başlanmagy bilen häsiýetlendirilýär.

Gyzjagazlaryň ömrüniň birinji hepdesinde uly jyns dodaklaryň biri-birine sepleşmegi – sinehii ýüze çykyp biler. Bu ýagdaýlar näçe ir ýüze çykarylsa, şonça hem bejergi üçin amatlydyr. Bu kesel peşew çykaryş, jyns agzalaryň,allergiki täsiri netijesinde jyns dodaklaryň nemli bardasyna şikesiň ýetmegi netijesinde emele gelýär.

Keseliň başynda estrogen melhemleriň ulanylmagy jyns dodaklaryň sepleşmegini aradan aýryp biler. Wagtyň geçmegi bilen ýagdaý beterleşip, çaganyň peşewiniň saklanmagy bolup biler. Ondan başga-da,wagtynda bejerilmedik kesel, soňundan daşky jyns agzalaryň, ýamzyň nädogry emele gelmegine getirip biler. Bu bolsa çaga öndüriljek ýagdaýynda bökdençlik döredip biler.

Sinehiýalary anyklamak kyn däldir. Gyzynyň daşky jyns agzalaryny kadaly barlaýan ene ony derrew aňşyryp biler. Ol jynshananyň agzynyň sepleşip, ýapylmagy netijesinde, kiçijik melewşe reňkli tygjagazyň  emele gelmegi bilen häsiýetlendirilýär. Bu kesel gyzjagazlarda 10 ýaşa çenli duş gelýär. Ondan soň, bedeniň estrogen çykarmagy netijesinde, kesel döremek ýagdaýy aradan aýrylýar.

Mekdep ýaşyna çenli gyzjagazlaryň hem özüne mahsus “zenan“ kynçylyklary ýüze çykyp biler. Olar has hem çagalar bagyna gatnaýan gyzjagazlara degişlidir. Şu döwürde gyzjagazlaryň şahsy gigiýena düzgünlerini berjaý etmegi (daşky jyns agzalary hapa elleri bilen ellemezlik, hajathanadan soň dogry süpürinmek) we sowuklama keselleriň öňüni almak (sowuk polda ýa-da ýerde oturmazlyk, pasyla görä geýinmek) zerurdyr. Bu işde terbiýeçileriň we eneleriň orny ulydyr.

Mekdep ýaşyna çenli döwürde bejerilmedik gyzjagazlaryň kynçylyklary kiçi ýaşly mekdep döwrüne geçýär.

Bu iki döwürde gyzjagazlarda köp duş gelýän keselleriň biri – wulwowaginitlerdir (daşky jyns agzalaryň we jynshananyň sowuklama keselleri).

Bu keseliň köp duş gelmeginiň sebäbi hem, gyzjagazlaryň jynshanasynda ýörüte bakteriýalaryň-laktobasillalaryň  ýoklugy bilen düşündirilýär. Olar hemme kesel dörediji bakteriýalary ýok edip, jynshanany “arassalaýjylar“ bolup durýarlar. Şonuň üçin hem jynshana düşen islendik ýokançlyk sowuklama bilen gutarýar.

Gyzjagazlarda sowuklama keselleriň döremegine çaga infeksiýalary, ýokary dem alyş  ýollaryň sowuklamagy, bronhitler, alyş-çalyş hadysalaryň üýtgemegi esas bolup biler.

Wulwowaginitler streptokokklar, stafilokokklar, enterokokklar, içege taýajyklary bilen döreýär. Bu ýokançlyklar jynshana hapa eller, eşikler, hapa howdanda suwa düşmek netijesinde duşup biler.

Ondan başga-da kiçijik gyzjagazlarda jynshananyň sowuklama keseli, oňa del jisimleriň (galamyň, iligiň, köpügiň) düşmegi bilen döreýär. Bu ýerde ilki bilen sowuklama sebäp bolýan faktorlary ýok etmelidir.

Wulwowaginitleriň esasy alamarlary – daşky jyns agzalarynda ýüze çykýan alawlama, gijilewük, ýygy we agyryly buşukma, garnyň aşagynda agyry, bedeniň gyzgynynyň galmagydyr. Bu keselde jynshanadan dürli reňkli bölünip çykmalar ýüze çykýar. Olar agymtyl, sary, ýaşylymtyl reňkde bolup bilerler.

Wulwowaginit keseli ýüze çykanda, çaga ginekolog lukmana ýüz tutmak hökmandyr. Öz geçiren bejergiňizden soň, laborator barlaglaryň netijesi ýoýulyp, nädogry bejerginiň berilmegine sebäp bolup biler. Wagtynda bejerilmedik wulwowaginitler bolsa, dowamly ýagdaýa geçip, ýokançlyklaryň içki jyns agzalaryna (ýatga, ýatgynyň goşuntgylaryna) ýaýramagy mümkindir.

4 ýaşdan soň gyzjagazlarda kömelekli ýokançlyklar ýüze çykyp biler. Bu ýokançlyklaryň gyzjagaza doglan wagty ejesinden geçip, diňe 4-6 ýaşda ýüze çykmagy mümkin. Ol jyns agzalarynda gijilewik we ak bölünip çykmalar bilen häsiýetlendirilýär. Edil şonuň ýaly hem, gyzjagazlara ejesinden geçen hlamidioz, trihomoniaz, gerpes, sözenek ýokançlyklary hem, 4-6 ýaşda ýa-da ondan hem soň ýüze çykyp biler.

Eger maşgalada jyns gatnaşygy arkaly geçýän keseller bolsa, onda onuň gyzjagaza ýokyşyp biljekdigini ýatdan çykarmaly däldir. Ýokuşma çaga ene-atasy bilen bir düşekde ýatyrlanda ýa-da öýde ulanylýan umumy zatlaryň üsti bilen geçip biler.

Çagalyk döwrüniň ýene bir kynçylyklary – bu daşky jyns agzalaryň şikeslenmegidir. Bu ýagdaý, esasan, 7-12 ýaş aralygynda ýüze çykýar. Şikeslenme sport bilen meşgullanýan, beýiklikden ýykylanda, welosiped sürlende alnyp bilner. Köplenç ýagdaýlarda daşky jyns dodaklaryň, kinnigiň, gyzlyk perdesiniň şikeslenmegi bolup geçýär. Şeýle ýagdaýlar ýüze çykmaz ýaly gyzjagazlara gözegçilik etmek hökmandyr. Şikes alnan ýagdaýynda bolsa, tizden-tiz lukmana ýüz tutmak zerurdyr.

10 ýaşdan soň, gyzjagazlaryň ulalyp, jyns kämilligi başlanýan wagty, kadaly aýbaşy bilen bagly kynçylyklar ýüze çykyp biler:

  • Jyns kämilligiň wagtyndan öň başlanmagy – jyns taýdan ösüşiň seýrek duş gelýän kynçylyklaryna degişlidir. Gyzjagazlarda, oglanjyklara garanyňda, 3-4 esse köp duş gelýär. Eger gyzjagazlarda jyns taýdan ýetişmek 7-8 ýaşdan ir, aýbaşy 10 ýaşdan öň başlansa, bu kesele güman etme bolar. Onuň esasy alamatlaryna fiziki ösüşiň çaltlanmagy, jyns kämillige ýetilen wagty boýuň pesligi, ikilenç jyns alamatlaryň (süýt mäzleriň ulalmagy, jyns agzalarda, goltukda gyl örtüginiň ösmegi) wagtyndan öň ýüze çykmagy, aýbaşynyň ir başlanmagy degişlidir.
  • Jynsy kämilligiň yza galmagy – bu prosessi kadalaşdyrýan “gipotalamus – gipofiz – ýumurtgalyk – ýatgy“ ulgamlaryň işiniň bozulmagy arkaly ýüze çykýar. Esasy häsiýetlerine ikilenç jyns alamatlaryň mese-mälim ýüze çykmagy ýa-da düýbünden bolmazlygy, aýbaşynyň gelmezligi degişlidir. Aýbaşynyň wagtynda başlanman, saklanmagy (amenoreýa) hem jyns ulgamynyň kadasyz işiniň alamatydyr. Aýbaşynyň gelmezligi jynsy kämilligiň yza galma ýagdaýynyň bir alamaty bolup, dürli sebäplere görä, (nesil yzarlama aýratynlygy, ruhy we endokrin keseller, bedeniň agramynyň kiçiligi) aýbaşy 15-16 ýaşa çenli başlamaýar.

 

Ikilenç ýüze çykýan aýbaşy bolsa, nobatdaky aýbaşynyň uzak wagt (5-6 aýa çenli) saklanmagy bilen häsiýetlendirilýär. Endokrin ulgamynyň keselleri hem oňa sebäp bolup biler. Ýöne aýbaşynyň wagtynda gelmezligi okuwda, maşgalada ýüze çykýan dartgynlylyk, stressler, horlanmak üçin tutulýan berhizler esasynda bedeniň agramynyň azalmagy ýaly ýagdaýlara hem baglydyr.

Aýbaşynyň kadasyz gelmezliginiň  dürli bozulmalarynda hem ginekolog lukmanyna ýüz tutmak wajypdyr. Sebäbi diňe lukman näsazlygyň sebäbini bilip, degişli bejergi belläp biler.

Aýbaşynyň başlan döwründe gyzjagazlarda ýene bir bozulma ýüze çykyp biler – ýatgydan ýuwenil gan akmalar. Ýuwenil gan akmalara endokrin keselleri, okuw dartgynlylygy, infeksion keseller sebäp bolup biler. Gan gelmeler dürli derejede bolup biler.Az mukdarda gan ýitirmeler gyzjagazyň ýagdaýyna köp täsir etmeýän hem bolsa, güýçli gan akmalar baş aýlanma, çalt ýadama, garnyň aşagynda agyry, huşuň ýitmegi ýaly ýagdaýa getirip biler.

Ýuwenil gan akmalar adatça 20-30 gün dowam edýär. Gan akmada ginekolog lukmana ýüz tutma hökmandyr. Bejergi wagtynda başlanmadyk ýagdaýynda,güýçli gan ýitirme netijesinde gan azlylygyň we aýbaşynyň gelşinde başga düýpli kynçylyklara getirip bilýändigini ýatdan çykarmaly däldir.

Gyzjagazlarda ýene bir duş gelýän kynçylyk (gaty ýygy däl) – ýatgynyň goşantgylarynyň sowuklama keselleridir. Bu kesel, esasan, bedeniň sowuklama kesellerinden soň, endometriozdan, peşew ýollarynyň souklama kesellerinden soň döräp biler. Sowuklama keselleri aýbaşynyň başlanýan döwründe has hem köp duş gelip biler.

Ýokarda aýdylyp geçilenleri jemläp, şeýle netijä gelmek bolar:

Gyzjagazlarda  jyns ulgamynyň saglygy babatda aladany başdan etmelidir. Gyzjagaz ösüp, kemala gelýän maşgalasynyň içki ýagdaýy, dartgynlylygyň azlygy, dogry iýmitlenme, fiziki işjeňlik, sahsy gigiýena düzgünleri berjaý etmek ýaly faktorlary göz öňüne tutmak hökmandyr.

Esasy zat hem, ene-atalaryň mähirli, söýgüli, aladaly gatnaşygydyr. Olaryň ýüze çykan kynçylyklarda wagtynda kömege gelmegi wajypdyr. Elbetde bu kömek çaga ginekology bilen bile berilmelidir.

  • 12787 gezek okalan