Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

WAKSINA KÖMEK EDER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.14 (14 Ses)

GÜNÄKÄR WIRUS

Barlaglaryň görkezişi ýaly, aýal jyns agzalarynyň howply täze döremeleriniň arasynda yatgynyň boýunjygynyň rak keseli esasy orunlaryň birini tutýandyr.

Meselem, Rossiýada her ýyl 13 müň aýala bu howply kesel kesgidi goýlup, olaryň 6 müňüsi, ýagny her ikinji aýal şol sebäpden ölümçilige sezewar bolýandyr.

Bu howply keseliň tebigaty belli bolup, onuň döremeginde adamyň papilloma wirusyna uly orun berilýändir. Sag öýjükleri howply bölünýän öýjüklere öwürip bilmek başarnygy, ony ýatgynyň boýunjygynyň rak keseline getirýän howply faktor höküminde öňe çykarýar.

Adamyň papillomawirusynyň 60-a golaý görnüşleri belli bolup, olaryň 10 görnüşi aýal jyns agzalaryny zeperlendirýändir. Esasan hem, wirusyň 16-njy we 18-nji görnüşleri täze döremeleri döretmekde howply hasaplanylýar.

Adamyň papillomawirusy esasan jynsy gatnaşyklar arkaly geçip, ondan prezerwatiw arkaly goranmak mümkinçiligi pesdir.

HALAS EDIJI WAKSINA

Adamyň papillomawirusy bilen göreşmekde iň peýdaly serişde – gyzlara waksinasiýa (öňüni alyş sanjymlary) geçirmekdir. Waksinasiýa çäresini jynsy gatnaşyklary başlamazdan öň geçirmek maslahat berilýär.

Şol sebäpden hem, dünýäniň ösen ýurtlarynda papillomawirusyna garşy sanjymlary geçirmek hökmany geçirmeli sanjymlaryň tertibine goşulýandyr.

WAKSINANY HAÇAN ETMELI?

Dürli ýurtlarda gyzjagazlara geçirmeli öňüni alys sanjymlaryň möhleti dürlüdir. Meselem, Kanadada gyzjagaz 9 ýaşaýança öňüni alyş sanjymyny geçirme makul bilinýär. ABŞ-da bu çäre 11-12 ýaşda geçirilýändir. Eger gyzjagaza dürli sebäplere görä waksinasiýa geçirilmedik bolsa, oňa 26 ýaşa çenli "öwezini dolujy" öňüni alyş sanjymy geçirilmelidir.

Düzgün boyunça, bir ýylyň dowamynda üç gezek sanjymy geçirmelidir. Waksinanyň ikinji mukdaryny birinji sanjymdan 1 aý geçensoň, üçünji mukdaryny bolsa ikinjiden soň, 3 aýdan ir bolmadyk möhletde geçirýärler. Lukmanlaryň bellemegine görä, hat-da iki gezek edilen öňüni alyş sanjymlary hem netijeli goraglylygy üpjün edýändir.

Adamyň papillomawirusyna garşy sanjymlary geçirmäge garşy görkezmeler ýokdur.

Özünde bu wirusyň alamatlaryny saklaýan aýal-gyzlar hem sanjymy alyp bilerler.

Sanjym geçirmezden öň aýal lukmanyň barlagyndan geçip, ganyň düzüm mukdaryny barlamalydyr. Öňüni alyş sanjymyň wirusy däl-de, oňa meňzeş emeli döredilen biologiki bölejikleri saklaýanlygy sebäpli, waksina keselçilige getirmäge ukyply däldir.

Ýogsa-da, bu sanjymlary erkek adamlar hem alsa bolar. Papillomawirusy olar üçin howply bolmasa-da, olarda döredilen immun goraglylygy, wirus göterijileriň sanyny azaltmaga ýardam berip biler.

  • 5005 gezek okalan