Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝADAW AÝAKLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.88 (8 Ses)

Meniň pikirimçe şu ýagdaý köp gelin-gyzlara tanyş: sen iş günüň ahyrynda aýaklaryň ýadawlygyny duýýarsyň. Sen tizräk öýe ýetmegi, köwşüňi çykaryp, aýaklaryňy uzatmak isleýärsiň. Ýöne aýaklaryň ýadawlygy we agyrysy şonda-da aýrylmaýar. Eýsem aýaklaryň ýadawlygyny nähili aýryp bolar? Ynha bu mesele boýunça käbir maslahatlar.

  • Aýaklaryň ýadawlygyny  we agyrysyny aýyrmagyň iň aňsat usuly: bir legene gyzgyn suw guýuň (suwuň gyzgynlygy 37-40 С), beýlekisine otag ýylylygyndaky suwy guýuň. Ilki bilen aýagyňyzy gyzgyn suwly legende 2 minut saklaň, soňra 15 sekunt beýleki legene salyň. Bu usuly 3-4 gezek gaýtalaň. Soňra aýagyňyzy desmal bilen süpürip, jorap geýiň.  
  • Ýyly suwly legende ýarym käse duzy erediň. Şeýle-de bägüliň ýa-da lawandanyň ýapraklaryny goşup bilersiňiz. Aýaklardaky gan aýlanyşygynyň gowulanmagy üçin efir ýaglaryny ýa-da narpyz goşup hem bolýar. Aýaklaryňyzy şu suwa salyň. Siz aýaklaryňyzyň ýadawlygynyň kem-kemden aýrylýandygyny derrew duýarsyňyz. Aýaklaryňyzy şu suwda 10-20 minut saklaň. Soňra olary desmal bilen süpürip, oňat nemlendiriji krem çalyň. Bu kremiň düzüminde narpyz bolsa has hem ýaramlydyr. Kerem çalanyňyzda aýaklaryňyzy oňatja owkalaň (muny maşgala agzalaryndan biri etse, has hem oňat). 
  • Ýarym käse baly, ter rozmariniň şahajygyny, efir ýagynyň birnäçe damjasyny ýa-da narpyzy garyň-da, bu garyndyny ýuwlan aýaklaryňyza çalyň. Soňra ýyly jorap geýiň we aýaklaryňyzy ýokary galdaryp ýatyň.  
  • Hwoýa ekstrakty hem aýaklaryň ýadawlygyny aýyrýar. Munuň üçin gyzgyn suwly legenjige hwoýa ektraktynyň 15 gramyny we nahar duzunyň iki nahar çemçesini goşuň. Suwuň gyzgynlygy 38-40 С bolmalydyr. Bu suwda aýaklaryňyzy 5-10 minut saklaň. Aýaklaryň ýadawlygy el bilen aýrylan ýaly bolar.

Eger siziň dabanyňyz gaty we gury bolsa, ony ýumşatmagyň iň oňat usuly pilingdir (gatan derini ýörite enjamlar arkaly usullyk bilen gyrmak). Munuň üçin ¼ bulgur baly, ¼ bulgur şekeri, üzüm dänesiniň ýagynyň iki nahar çemçesini garyň. Bu garyndyny ýuwlan aýaklara çalyp, dabanyňyzy, aýratyn-da ökjäňizi oňatja owkalaň. Soňra aýaklaryňyzy çyg desmala dolaň-da, 10-15 minut aýaklaryňyzy galdyryň. Soňra aýaklaryňyzy ýuwup, nemlendiriji krem çalyň.

Biz bu maslahatlaryň aýaklaryňyzyň ýadawlygyn aýryp, size rahatlyk berer diýip umyt edýäris.

Ulanylan WEB Salgy

  • 6064 gezek okalan