• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Zenan saglygy
  • JYNSHANANYŇ SOWUKLAMA KESELI: SEBÄPLERI, GÖRNÜŞLERI, ALAMATLARY WE BEJERGISI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

JYNSHANANYŇ SOWUKLAMA KESELI: SEBÄPLERI, GÖRNÜŞLERI, ALAMATLARY WE BEJERGISI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.24 (125 Ses)

Aýal jyns agzalarynyň keselleriniň arasynda, jynshananyň nemli örtüginiň sowuklama keseli (waginit, kolpit) has ýygy duş gelýändir. Sowuklama daşky jyns agzalaryny hem şikeslendirse, onda ol wulwowaginit diýlip atlandyrylýar. Mehaniki şikeslenmeler, allergik täsirler, bakterial, kömelek we wirus ýokançlyklary (şol sanda jyns gatnaşygy arkaly ýokuşýanlar), ýaş üýtgeşmeleri waginitiň döremegine sebäp bolup bilýär. Käte waginit birnäçe sebäpleriň täsiri bilen hem döräp bilýändir.

Waginitiň görnüşleri we alamatlary

Jynshananyň nemli örtüginiň gyzarmagy, kadasyz, ýakymsyz ysly bölünip çykmalar, gijilewük ýa-da awuşama, jyns gatnaşyklarynda oňaýsyzlyk duýgusy waginitiň esasy alamatlary bolup durýandyr.

Waginitiň iň ýygy duş gelýän görnüşlerine jynshananyň kömelejikler (kandidoz)bilen zeperlenmesini, jynshana disbakteriozyny (bakterial waginozy) we trihomonadaly waginiti degişli edip bolar. Kandidoz kömelek ýokançlygy, trihomoniaz bolsa jynshana trihomonadasy sebäpli döreýär. Bakterial waginozy gardenellalaryň aşa köpelmegine getirýän jynshananyň kadaly mikroflorasynyň bozulmagy bilen häsiýetlendirilýär. Bu keselleriň her biriniň öz alamat aýratynlyklary bolup, takyk anyklaýyş çärelerini diňe bejerýän lukman geçirip bilýändir.
Trihomoniaz jyns ýollary arkaly ýokuşýan kesellere degişlidir. Ol goragsyz jynsy gatnaşyklar arkaly keselli ýa-da trihomonada göteriji adamdan geçip bilýändir. Giň ýaýran hlamidioz we gonoreýa ýokançlyklary hem waginitiň döremegine getirip bilýändir. Bakterial waginoz keseliniň we jynshananyň kömelekli zeperlenmesi bedeniň kadaly işiniň bozulmagy netijesinde ýüze çykýar. Gardenella bakteriýasy ýaly, kömelejikler hem her bir sagdyn aýalyň jynshanasynyň kadaly mikroflorasyny düzüp, bedene hiç hili zyýan ýetirmeýär. Emma mikrofloranyň deňagramlylygy bozulanda (immun ulgamynyň gowşamagy, geçirilen ýokanç keseller, endokrin ulgamyň näsazlyklary), olar aşa köpelip, sowuklamanyň döremegine getirýär.

Waginit diňe ýokançlyklar sebäpli däl-de, eýsem allergik täsirleriň netijesinde hem döräp bilýär. Waginit täze sabyn, gigiýeniki serişdeler, çalgy melhemi, spermisidler ulanylanda, hatda dar jalbar, sintetikadan taýynlanan içki geýimler ulanylanda-da ýüze çykýp bilýändir.

Jynshananyň nemli örtüginiň ýagdaýyna jyns gormonlarynyň täsiriniň uludygyny hem bellemelidir. Olaryň deňagramlylygynyň bozulmagy hem waginitiň döremegine getirýär. Görümden galjak bolýan (klimakteriki döwründe) aýallarda estrogeniň az bölünip çykmagy zerarly atrofik waginit döräp biler. Waginitiň bu görnüşinde, ýaş aýratynlyklary sebäpli ýukalan we guraksy jynshana diwarlarynda gan aýlanşygy bozulyp, alawlama ýagdaýlary döräp bilýändir. Jynshana diwarlarynyň gurulygy, barlagdan soň gan gatyşykly bölünip çykmalaryň döremegine hem getirip bilýändir.

Waginitiň anyklanylşy

Waginitiň anyklaýyş çäreleri lukmanyň barlagyndan başlanýar. Alamatlara we bölünip çykmalaryň häsiýetine esaslanyp, keseliň sebäpleri barada netije çykarmak bolar. Has takyk anyklaýyş üçin, jynshanadan we ýatgynyň boýunjygynyň kanalyndan laborator barlaglar üçin çyrşak alyp tabşyrylýar. Jynshanadan alnan çyrşakda leýkositleriň sanynyň köpelmegi (kadaly ýagdaýda-15) sowuklama hadysasynyň bardygyny aňladýar.

Şeýle-de, waginiti anyklamak üçin jynshana bölünip çykmalarynyň turşulygy ölçenilýär. Kandidozda şol turşulygyň pH derejesi kadaly (3,8-den 4,4 çenli) belgiden tapawutlanmaýar. Bakterial waginozynda (jynshana disbakteriozy) ýa-da trihomoniazda pH derejesi köplenç 4,5 belgiden ýokary bolýar. Atrofik waginitinde hem pH derejesi ýokarlanýar.

Mikroskopiýa barlagynda, çyrşakda trihomonadalary, kandidozly waginitiň döremegine sebäp bolýan Candida kömelejikleriniň sapajyklaryny, bakterial waginozyna mahsus Gardnella vaginalis we köp sanly beýleki bakteriýalar bilen örtülen epiteliý öýjüklerini görmek bolýar. Bakterial waginozyny anyklamak üçin, amin testi hem ulanylýar:aýnanyň ýüzündäki çyrşaga kaliý gidroksidiniň 10%-li ergininiň birnäçe damjasyny damdyryp garýarlar. Bakterial waginozy bar bolan ýagdaýynda, balygyň ysyna meňzeş ys ýüze çykýandyr.

Häzirki wagtda waginite getirýän ýokançlyklaryň, şol sanda jyns gatnaşyklary arkaly geçýän ýokançlyklaryň anyk mukdar häsiýetnamasyny berýän polimerazazynjyrly we immunoferment barlaglary hem giňden ulanylyp, olar ýokary duýgurlylygy bilen tapawutlanýandyr.

Bakterial ekiş usuly hem bakterial waginiti anyklamakda ýygy ulanylýar. Bu usulda, bölünip çykmalary jynshanada bar bolan mikroorganizmleriň köpelmegine oňaýly täsir edýän ýörite taýýarlanylan ýokumly gurşawa çalýarlar. Diňe 5-7 günden jynshana bakteriýalaryň düzümi barada subut edip, keseli döredijileri kesgitlemek mümkin bolýar. Barlagyň tapawutly nyrhy we uzak möhletliligi onuň esasy kemçiligi bolup durýandyr. Şeýle bolsa-da, bakterial ekiş usuly bakterial waginozy we trihomoniazy anyklamakda iň ähtibar usullaryň biri hasaplanýandyr.

Waginitiň bejergisi

Waginitiň bejergisiniň esasy maksady – onuň sebäplerini aradan aýryp, jynshananyň kadaly mikroflorasyny dikeltmekdir.

Kandidozly waginitde kömelekleriň ösmegini togtadýan serişdeler bellenilýär. Bu maksat üçin belli bir tertipde kabul edilýän flýukonazol, mikomaks, mikosist, ýa-da diflýukan derman serişdelerini, jynshana goýulýan pimafusin, ekanazol, nistatin, klotrimazol şemlerini we kremlerini maslahat berip bolar.

Bakterial waginozda tetrasiklin, makrolidler we ftorhinolinler toparyna degişli dermanlar has peýdaly bolup, jynshana goýmak üçin klinap, klion-d, neo-penotran, teržinan ýa-da flagil şemlerini ulanmak maslahat berilýändir. Waginozlarda keseliň ikinji tapgyry jynshana mikroflorasyny dikeltmäge gönükdirilen bolup, bu maksat üçin laktobakterin, bioselak, waginorm şemleri ulanylyp bilner.

Trihomonadaly waginitlerde esasy bejergi serişdesi metronidazol bolup durýandyr. Ony gerdejikde kabul edip we ony saklaýan şemleri jynshana goýup, zerur bolan ýagdaýlarda bejergi tapgyry gaýtalanyp bilner.

Bejergi serişdelerini aýalyň adamsyna hem belleme, sagalmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýandyr. Bejergi geçirilýän wagty, prezerwatiw bilen goragly jynsy gatnaşyklary geçirmek zerurdyr.

Waginitiň bejergisi, barlagdan soň lukman tarapyndan bellenilip, bejergiden soň hem gözegçilik geçirmek wajypdyr. Lukmanyň maslahatyny almazdan, özbaşdak alnan derman serişdeleri degerli netijeleri bermän, tersine, gaýraüzülmelere (bakteriýalaryň uýgunlaşmagy, allergiki täsirlilik, ýürek bulanma, içgeçme we başgalar) getirjek sebäp bolup biler.

Waginit allergik täsirlilikden dörän bolsa, allergiýany döredýän zatlary ulanmakdan ýüz öwürmeli. Allergiýany düzümi 9-nonoksinolly dürli görnüşli sabynlar, aýbaşy döwri ulanylýan gigiýeniki serişdeleri, kontrasepsiýa şemleri we kremleri döredip biler. Bu serişde çalnan prezerwatiwler hem allergik täsirli bolýar. Käte kir ýuwujy serişdäni çalyşmak bilenem waginitden dynmak mümkindir. Atrofik waginitinde lukman düzümi estrogenli serişdeleri belläp biler.

  • 38919 gezek okalan