• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Zenan saglygy
  • LIMONLAR WE SÜÝT MÄZLERINIŇ SAGLYGY

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

LIMONLAR WE SÜÝT MÄZLERINIŇ SAGLYGY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.41 (39 Ses)

Dartmouth-Hitchcock Norris Cotton Cancer Center (NCCC), rak keseli babatda iş alyp barýan, ABŞ-nyň esasy merkezleriniň biri bolan uly ylmy barlarglar, bilim we bejeriş merkezidir. NCCC jemgyýetçilik uçin niýetlenen täze maglumatlar kampaniýasynda, kitapçalarynda we plakatlarynda köpçüligi süýt mäziniň howply döremeleri, rak keseli barada habarly etmek maksady bilen limonyň şekilini ulandy.

Maglumatlar kampaniýasynyň esasy maksady – bilim derejesine garamazdan,jemgyýetiň ähli sosial gatlaklaryndan bolan aýal-gyzlary süýt mäzleriniň saglygyna gözegçilik etmekleriniň wajypdygyny ynandyrmakdyr.

NCCC-iň maglumatlar kampaniýasynda ulanylan bir plakatda 12 sany limon ýumurtga satylýan gabynyň içinde şekillendirilip görkezilýär. Her limon komputer grafikasynyň üsti bilen uýtgedilip, süýt mäziniň rak keseline mahsus bir alamaty aýdyň görkezýär. Göwüsdaki çiş – rak keseliniň ýeke-tak alamaty bolman, alamatlaryň sanawyna başga-da üýtgemeler girýändirler – meselem, deride peýda bolýan kiçijik çukurjyklar, deriniň gyzarmagy we gyzmagy, deriniň ýuzündäki ýarajyklar.

Süýt mäziniň rak keseli irki döwründe anyklanyp, kesel kesgidi bellenen aýal-gyzlaryň 98%-de bu keseli ýeňip geçme mümkin diýlip nygtalýar. Göwüsdäki howply döremeler ilkinji, ýaňy dörän döwründe tapylanda bejeriş çäreleri gaty agyr, tapdan düşüriji bolmaýarlar.

Lukmanlar 50 ýaşdan geçen aýallara hiç hili alamalary bolmazdan wagtly-wagtynda barlaglardan geçmegi maslahat berýärler. Maşgalasynda, göwüsdaki rak keseline duçar bolan agzalary bar bolan aýal maşgalalara ýa-da başgada töwekgellik toparyna girýän ýaş aýal-gyzlaryň barlaglardan ýygy geçip durmaklary maslahat berilýär.

30 ýaşdan geçen aýallara her aýda aýbaşydan soň, çep we sag göwüslerini aýnanyň öňünde üns bilen barlamak maslahat berilýär.

  • 9409 gezek okalan