• Makalalar
  • Sagdyn iýmitlenme we berhiz
  • Sagdyn iýmit

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TÄZE ÝYLYŇ BEREKETLI SAÇAGY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.25 (28 Ses)

Täze ýyl baýramy her bir adam üçin iň gyzykly, şowhunly baýramlaryň biridir. Her bir adam, her bir maşgala bu ajaýyp baýramçylyga sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Täze ýyl golaýlanda, bazarlar, dükanlar alyjylardan dolýar. Täze ýyly naz-nygmatlardan doly saçak bilen garşylamak däbe öwrülendir. Şol sebäpli hem her birimiz iň oňat azyk önümlerini saýlap alýarys. Hut täze ýyl agşamynda saçagyň sahylyk bilen bezelişine, onda goýulýan tagamlara geljek ýylyň berekedi bagly hasaplanylýar. Hatda halkyň arasynda "Täze ýyly nädip garşylasaň, ony şonuň ýaly hem geçirersiň" diýen ýörgünli pikir hem bardyr.

Dowamy

  • 17719 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.65 (17 Ses)

Bal – dürli ösümlikleriň güllerinden ýygnalyp alynýan süýji nektar. Bal adamyň içki organlarynyň köpüsiniň işini kadalaşdyrýar, ganyň düzümini gowulandyrýar, bedeniň kesellere garşy durmak ukybyny ýokarlandyrýar, ony wagtyndan öň garramakdan saklaýar.

Bal örän ýokumly serişdedir. Onuň esasy maddalary: uglewodlar, mineral maddalar, witaminler, fermentlerdir. Bir ýylyň dowamynda günde 20-50gr bal ulanylanda, ganyň düzümi gowulanýar, adamyň bedeninde maddalar alyş-çalşygy kadalaşýar. Balyň düzümine, esasan, beýleki önümlerde seýrek duş gelýän  fruktoza,witaminler, şeýle-de kaliý, magniý ýaly mineral maddalar girýär.

Dowamy

  • 8682 gezek okalan

SAGDYN IÝMIT

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.48 (21 Ses)

Adama ýaşamak üçin iýmitlenmek gerek. Sebäbi onuň bedeni kuwwatlylyk çeşmesine mätäç bolup, onuň öwezini iýmitiň hasabyna doldurmaly bolýar. Şeýle hem iýmit önümleri bedende dogry alyş-çalşa ýardam bermeli. Bu çylşyrymly alyş-çalyş işinde hökman deňagramlylyk saklanmalydyr. Onuň bozulan ýagdaýynda, ilki bilen agzalaryň işiniň üytgemegi ýüze çykyp, soňra bolsa keseller döräp başlaýarlar. Bedeniň içki gurşawyny sagdyn saklamak we ony goramak bilen ateroskleroz keseliniň, nerw-psihiki bozulmalaryň we newroz ýaly keselleriň öňüni almak, bedeniň ýokançlyklara durnuklylygyny ýokarlandyryp bolýar.

Dowamy

  • 8957 gezek okalan

BEHI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.46 (13 Ses)

Portugal dilinde behi (aýwa) "marmelo" diyip terjime edilýär. Biziň uly höwes bilen iýýän marmeladymyzyň ady hem şu sözden gelip çykandyr.

Behi ýer togalagynyň 40-dan gowrak ýurdunda ösdürip ýetişdirilýär. Ekilýän meýdany boýunça iň köp hasaplanýan miwe bolup, onuň ekilýän ýerleri Türkiýede – 9800 ga, Özbekistanda – 7000 ga, Argentinada – 3200 ga, Azerbeýjanda – 3100 ga, Serbiýada – 2200 ga, Alžirde – 1800 ga, Ispaniýada – 1400 ga,  Orsýetde  – 1000 ga ýere barabardyr.

Dowamy

  • 5906 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (6 Ses)

Tomus-güýz aýlary her bir öý bikesi gyş paslyna taýynlyk görüp, dürli gök önümleri konserwirleýär. Gyşda biziň saçaklarymyzy bezejek gök önümlerden taýynlanan işdäçarlar, kömelejikler bize güneşli tomsy ýatladyp, çekilen zähmetiň ýerine düşendigini aňladýar. Ýöne arassaçylyk we zyýansyzlandyryş düzgünleri berjaý edilmän taýynlanan konserwirlenen önümleriň, kakadylan etiň, söhladyň, duza ýatyrylan balygyň ölüm howply kesel bolan botulizmiň çeşmesi bolup biljekdigini ýatdan çykarmaly däldir.

Botulizm – kesel dörediji bakteriýalaryň toksinleri bilen zäherlenme netijesinde döreýän kesel bolup, nerw ulgamynyň agyr şikeslenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Botulizmi dörediji – Clostridium botulinum – tebigatda giňden ýaýrap, ol hemişe toprakda ýaşaýandyr.

Dowamy

  • 7446 gezek okalan

AZYK ÖNÜMLERI SAKLAMAGYŇ DÜZGÜNLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (6 Ses)

Dogry iýmitlenme ter we ýokary hilli önümleri dükanlardan ýa-da bazarlardan alyp gaýdan pursadymyzdan başlanýar. Azyk önümlerini saýlamak we olary uzak möhlet ter saklamak örän ähmiýetlidir. Esasan hem yssy günlerde!

Her bir önümiň saklanylyş möhleti bolýar. Elbetde muňa üns bermek gerek.

Tomusda uly adamlar zähmet rugsadynda, okuwçylar we talyplar tomusky dynç alyşda bolýarlar. Şäherliler yssy günleri öýlerinde geçirmän, köplenç tebigat gözelliklerini synlamaga, dynç almaga salkyn saýaly, akar suwly ýerlere gidýärler. Uzak wagt dynç almak niýeti bilen öýden çykylanda, iýmit önümleri hem alynýar. Elektroenergiýa ýok ýerinde iýmit zaýalanmaz ýaly, olary dogry saklamaly. Sowadyjylar heniz oýlanylyp tapylmanka hem ata-babalarymyz iýmiti zaýalaman saklamagy başarypdyrlar. Ilki bilen sowadjynyň ýok ýagdaýynda käbir önümleriň maýyl we yssy howada saklanylyşy barada gürrüň edeli.

Dowamy

  • 9262 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.43 (7 Ses)

Iýmit – ýaşaýşyň iň esasy we iň ýakymly bölekleriniň biridir. Nahar taýýarlamak ählimiz üçin adaty bir zat bolup, biz günüň dowamynda birnäçe gezek naharlanýarys. Taýýarlaýan tagamlarymyzyň has datly bolmagy üçin , biz  hoşboý ysly ýörite garyndylary hem ulanýarys. Duz, burç, sarymsak, lawr ýapragy tagamlary hoşboý ysly edip, işdämizi açýar.

Gök önümler duza ýatyrylanda hem bu ýörite garyndylar goşulýar. Sarymsak, lawr ýapragy nahara, duza ýatytrylan gök önümlerine üýtgeşik gowy tagam bermek bilen çäklenmän, eýsem adam saglygyna hem oňaýly täsir edýärler. Geliň,  bularyň hersi barada aýratynlykda gürrüň edeli.

Dowamy

  • 7721 gezek okalan

BÖWÜRSLEN

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.14 (7 Ses)

Böwürslen agajynyň miwesini halamaýan ýok bolsa gerek. Onuň üýtgeşik tagamy adamlary özüne maýyl edýär. Böwürslen agajy diňe öz miweleri bilen däl, eýsem özüniň şypa berijilik häsiýetleri bilen hem bellidir. 

Böwürslen glýukoza, fruktoza, С witaminine, karotine, organiki turşulyklara we tokoferollara baýdyr. Böwürsleniň şypa berijilik häsiýetleri üçin, ony böwrek, süýjikesel, peşew haltasynyň kesellerini bejermekde we bogunlaryň alawlamasynda ulanýarlar.

Böwürsleniň düzümindäki bioflawonoidler antioksidant hökmünde täsir edip, alawlamalary, çişginlikleri bejerýär, gan damarlarynyň diwarjyklaryny berkidýär, С witamininiň täsirini güýçlendirýär.

Dowamy

  • 7538 gezek okalan

ÜZÜM

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.63 (16 Ses)

Adamlar üzümi iň datly miweleriň biri diýip hasaplaýarlar. Ol millionlarça ýyl mundan öň döräpdir. Gazuw-agtaryş işler geçirilende, 60 million ýyl mundan ozal ösen  üzümiň dänesi tapylýar. Şeýle hem Gruziýada üzümiň şekili çekilen küýze bölekleri tapylýar. Olara 8000 ýyl bolandyr diýlip çak edilýär.

Üzümi onuň süýji miweleri üçin ekýärler. Ol çalt çyrmaşyp ösýänligi sebäpli, onuň gür we salkyn saýasy bolýar. Üzüm ir miwe getirip başlaýar we  ynjyk bolmaýar.

Dowamy

  • 7724 gezek okalan

GARPYZ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.41 (22 Ses)

Garpyz – kädiler maşgalasyna degişli bolan bir ýyllyk ösümlikdir. Onuň baldagy 2-3 metre çenli uzap, miwesi togalak, daşy ýylmanak, eti bolsa gülgüne ýa-da gyzyl bolýar.

Garpyzyň watany Günorta we Merkezi Afrika hasaplanylýar. Häzirki döwürde bu gök önüm ýer ýüzüniň gurak we yssy howaly ýurtlarynyň  96-synda ösdürip ýetişdirilýär. Biziň günlerimizde onuň 1200-den gowrak görnüşi belli.

Garpyzyň düzümi suwdan (agramynyň 80% çenli), fruktozadan, mikroelementlerden we ösümlik kletçatkadan ybarat. Fruktozanyň 30-40 gramyny adam organizmi insulinsiz siňdirip bilýär, şonuň üçin garpyzyň günde 200-300 gramyny süýji keselliler hem iýip bilýär.

Dowamy

  • 10136 gezek okalan