• Makalalar
  • Sagdyn iýmitlenme we berhiz
  • Sagdyn iýmit
  • NÄDIP KÄN TÄSIRINI DUÝMAN IÝMITIŇDEN ŞEKERI AZALTMALY?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

NÄDIP KÄN TÄSIRINI DUÝMAN IÝMITIŇDEN ŞEKERI AZALTMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

iymitinden sekeri azaltmakŞeker endigi näme?

Ýönekeý söz bilen aýtsak, şeker endigi özüňe gereginden artykmaç şeker kabul etmekdir. Onuň alamatlary:

↪ Düzüminde şekeri köp bolan iýmitleri we içgileri uly mukdarlarda kabul etmek;

 ↪ Ýygy-ýygydan şekerli iýmitleri iýmek;

 ↪ Içgysma garşy göreşmek üçin iýmek;

 ↪ Süýji zatlary islemek, esasan-da nahardan soň;

 ↪ Halamaýan süýjüli iýmitleriňi hem iýmek;

 ↪ Şekerli zatlary uzak wagtlap iýmeseň keýpiň, özüňi duýşuň bozulmagy;

 ↪ Emosional kynçylyk ýa-da stres sebäpli süýjüli zatlary iýmek.

Şeker beýnide saňa ýakymly duýgy berýän dopaminiň bölünip çykmasyna itergi berýär. Şonuň üçin, eger köp şekerli içgidir-iýmitleri kabul edýän bolsaň, energiýaňy saklamak ýa-da keýpiňi götermek üçin şeker isläp durmagyň mümkin. Üstesine-de onuň süýji tagamyndan ýüz öwürmek köplenç örän kyn.

Şekeri näme üçin azaltmaly?

Haçanda şekerden daşlaşanyňda, bedeniň uly özgerişlikleri başdan geçirýär:

Energiýaň durnuklaşýar. Çünki ganyňdaky şekeriň möçberi yzygiderli ýokary-aşak böküp, pes we ýokary energiýa tolkunlary döremeýär.

 ↪ Ünslüligiň güýçlenýär. Köp mukdarda şeker kabul edeniňden soňra energiýa derejäň pese düşmegi ünsüňi jemlemegi kynlaşdyrýar.

 ↪ Umumy saglygyň gowulaşýar. Şekeri az kabul etmek semizligiň, 2 görnüşli süýjüli diabetiň, ýürek keselleriniň, beýnä gan inmäniň, alawlamanyň, rak keselleriniň we bagyr keselleriniň döreme ähtimallygyny azaldyp biler.

Şeker biziň gündelik iýmitden alýan energiýamyzyň 5%-den köp bölegini düzmeli däldir. Bu bolsa 11 ýaşdan ulular üçin günde 30 gramdan az möçberde şeker diýmekdir.

Satylýan harytlarda gizlin ýatan şekeri nädip bilmeli?

Azyk önümleriniň etiketkalarynda şeker ençeme atlar bilen suratlandyrylýar: saharoza, glýukoza, fruktoza, maltoza, miwe şiresi, toşap, gidrolizlenen krahmal, mekgejöwen siroby, bal.

Eger-de önümiň etiketkasynda onuň her 100 gramyndaky şekeriň mukdary 22.5 gramdan köp bolsa, onda ol önüm ýokary derejede şekerli bolýar. Eger her 100 gram önümiň şekeri 5 gramdan az bolsa, onda ol az şekerli önüm bolýar.

Nädip iýmitleriňden we içgileriňden şekeri azaltmaly?

↪ Eger hemişe çaýyňa, kofeňe ýa-da ertirlik üçin bişirýän pankeýkleriňe şeker goşýan bolsaň, goşýan mukdaryňy ýarpa düşürmäge synanyş. Şeýdip, agyz tagamyň uýgunlaşýança şekeriň mukdaryny kem-kem azalt.

Şekerli içgileri Suw iň gowy içgidir, emma içmäge süýji tagamly zatlar isleýän bolsaň şekersiz sowuk çaýlar, şekersiz emma tagam berlen içgiler (meselem, hyýarly, narpyzly ýa limonly gazly suw) gowy çözgüt bolup biler. Hatda şeker goşulmadyk miwe şirelerinde we smuzilerde hem süýjüniň möçberi köp bolany üçin, olary günde 150 ml-dan köp içmejek bol.

 ↪ Gaplanan iýmit önümlerini satyn alanyňda etiketkasyny okamagy endik edin we goşmaça şekeriniň mukdary iň az bolan önümleri saýla.

 ↪ Goşmaça şekerli önümlerden tebigy süýjüli önümlere geç. Meselem, kaşaňy süýjetmek üçin şekere derek miweleri ýa-da kaklary goşmak. Miwe kaklaryna hem köplenç goşmaça şeker ýa-da reňk berijiler goşulýar, şonuň üçin satyn almazdan öňürti onuň goşundysyzdygyna göz ýetir. Bankaly miweleri alanyňda içi suwly ýa-da tebigy şirelilerini saýla. Siroplara ýatyrylan miweleri almakdan saklan.

 ↪ Haçanda süýjüli önümleri bişireniňde (köke, tort we ş.m.) reseptinde ýazlan şeker mukdarynyň diňe ýarysyny ýa-da üçden birini goş. Köplenç tapawudyny hem duýmarsyň.

 ↪ Şekerli zatlara bolan islegleriňi kontrolda saklajak bol. Esasan-da, ilki başda şekeri az kabul edip başlanyňda oňa bolan islegiň has güýçlenip biler. Şekerli zatlara derek tebigy miweleri, gara şokolady we dalçyndyr wanilla ýaly tebigy süýjülik berijileri ulan. Şeýle-de, dykgatlylygy öwrenmek hem kömek edip biler. Şekere güýçli islegiň dörän wagty, aýak çekde duýgularyňa üns ber. Sen çyndanam açmyň ýa-da diňe strese gireniň üçin süýjüli zatlary garbanmak isleýärmiň? Ýörişe çykmak, suw içmek ýa-da ünsüňi başga zada bölmek hem kömek edip biler.

 ↪ Sport bilen meşgullanmak we gowy uky almak hem özüňe bolan erkiňi güýçlendirip, ýerliksiz islegleriňe bäs gelmäge kömek edip biler. Ukusy ýetmeýän adamlar köplenç iýmite gezek gelende erkini aňsat elden beregen bolýarlar.

 ↪ Şekeri azaltmaga synanyşýan döwrüňde emeli süýjülik berijileri ulanmak hem gowy pikire meňzäp biler, emma olardan daş duranyň iň peýdalysydyr. Emeli süýjedijiler ýellenmä ýa-da çişmä sebäp bolup, bedeniň şekeri siňdiriş usulyna täsir etmegi mümkin. Bedeniň hakyky şeker iýýänsiň öýdüp, şoňa görä jogap berip, sende güýçli şekere bolan islegiň has artmagyna getirip biler.

  • 127 gezek okalan