Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
GÜNDE ÝEKE BANKA GAZLANDYRYLAN IÇGI IÇMEK HEM BAGYRDA ÝAG ÝYGNANMAGYNA ELTIP BILÝÄR
Düzümi şekerli içgiler alkogol bilen baglanyşyksyz ýagly bagyr keseliniň döreme ähtimallygyny 50% artdyrýan bolsa, günde diňe ýekeje banka gazlandyrylan berhiz içgisiniň hem bu keseliň töwekgelçiligini 60% ýokarlandyrýandygyny heniz çap edilmedik ýakynda çykan barlag görkezýär.
Alkogol bilen baglanyşyksyz ýagly bagyr keseli haçanda alkogol içmeýän ýa-da örän az içýän adamlaryň bagrynda ýag ýygnansa döreýän keseldir. Bu kesel agyr alkogol içegen adamlaryň bagrynda döreýän ýag ýygnanma ýagdaýyna meňzeş bolup, soňy bilen bagyr serrozyna, bagryň zeperlenmegine we hatda bagyr ragyna hem ýazyp bilýär. Bu kesel bagyr ragynyň iň esasy sebäpleriniň biri bolup durýar.
Ýakynda Berlinde geçirilen Birleşen Ýewropa Gastroenterologiýa hepdeliginde edilen çykyşlaryň birinde heniz çap edilmedik, emma syna taýýar ylmy barlagyň netijeleri bilen tanyşdyryldy. Munda az kaloriýaly we şekersiz diýlip mahabatlandyrylýan gazlandyrylan berhiz içgilerini kabul etmekligiň bagyr kesellerinden ýogalmak bilen baglanyşyklydygy aýdylýar.
Gazlandyrylan berhiz we şekerli içgiler nädip bagra täsir edýärler?
Barlagda bagyr keseli bolmadyk 124 müň adama belli bir wagtyň dowamynda gözegçilik edilýär we olaryň içgi kabul etme endikleri we saglyk ýagdaýlary deňeşdirilýär.
Netijeler: Şekerli içgileri içmegi goýup, gazlandyrylan berhiz içgilerine geçen ýa-da munuň tersini eden adamlarda ýagly bagyr keseliniň döreme ähtimallygy hiç hili üýtgemedi. Emma, bu içgileriň ýerini agyz suwy bilen çalşan adamlarda keseliň döreme ähtimallygy 13-15% peseldi. Gazlandyrylan içgiler, şekerli ýa berhiz görnüşli bolsun tapawudy ýok, yzygiderli kabul edilse bagra zyýan berip bilerler – olaryň ýerini suw ýa-da süýjedilmedik içgiler bilen çalyşmak welin bagry goramaga kömek edip biler.
Näme üçin şekerli ýa-da süýjedilen içgiler bagra zyýan berýär?
Süýjüli içgiler kabul edilende gandaky glýukoza we insulin birden galýar – bu diňe bir semremäge eltmän, eýsem aşa şeker bagyrda ýagyň ýygnanmagyna ýol açýar. Gazlandyrylan berhiz içgilerinde kaloriýa we şeker az hem bolsa, olar garyndaky mikrobiomy üýtgedip, dokluk duýgusyny bozup, süýji iýmitlere islegi artdyryp we hatda insuliniň bölünip çykmagyna täsir edip bilýärler. Agyz suwy welin, metabolizme täsir etmezden bedeni gandyrýar, dokluk duýgusyny kadaly saklaýar we umumy iýmit siňdiriş ulgamyna kömek edýär.
Şonuň üçin-de, suw saglyga iň ýaramly içgidir we süýjüli içgileriň hiç hili görnüşi hem adam saglygynyň öňünde beýlekisinden tapawutly däldir.
- 81 gezek okalan