• Makalalar
  • Sagdyn iýmitlenme we berhiz
  • Sagdyn iýmit
  • WITAMINLERIŇ DUŞMANLARY: KOFE, NOÝBA, ŞAMPINÝONLAR, SÜÝT WE BAŞGALAR

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

WITAMINLERIŇ DUŞMANLARY: KOFE, NOÝBA, ŞAMPINÝONLAR, SÜÝT WE BAŞGALAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.60 (10 Ses)

Biz çagalyk döwrümizden bäri witaminleriň organizmimiz üçin zerurdygyny bilýäris. Ýöne siz olaryň «duşmanlarynyň» ýagny witaminleriň peýdaly täsirini peseldýän ýa-da bütinleý ýok edýän maddalaryň bardygyny bilýärsiňizmi?

«Аntiwitaminleriň» (anti — garşy, garşy bolmak, garşy çykmak diýmegi aňladýar) bardygy geçen asyryň 70-nji ýyllarynda tötänleýin diýen ýaly mälim boldy. Alymlar B9 witaminini (foliý turşulygy) sintezirlemek maksady bilen geçiren tejribeleriniň dowamynda şuny anykladylar: sintezirlenen foliý turşulygy öz peýdaly täsirini ýitirip, bütinleý gapma-garşy häsiýete eýe boldy.

Soňra geçirilen tejribeleriň netijesinde dogrudan-da witaminleriň «duşmanlarynyň» bardygy anyklanyldy. Eýsem bu bolup biljek zatmy?

Käbir maddalar biziň organizmimize düşýärler-de, «witaminsireýärler». Olar hakyky witaminleriň ornuny eýeläp, organizmdäki maddalar çalşygyna gatnaşýarlar. Bu bolsa maddalar çalşygynyň dowamynda bolup geçýän himiki täsirleriň akymynyň üýtgemegine eltýär. Netijede, bu «duşmanlaryň» bolan ýerinde witaminleriň peýdaly täsiri bütinleý ýok edilýär.

Hileli tilsim

Witaminler-de, antiwitaminler-de öz himiki gurluşlary taýdan örän meňzeşdirler. Hakyky witaminler organizme düşenlerinde, kofermentlere öwrülýärler. Soňra olar ýörite beloklar bilen özara täsire girip, biziň organizmimizdäki dürli biohimiki işleri dolandyrýarlar.

Antiwitaminler hem organizmimize düşenlerinde, kofermentlere öwrülýär. Ýöne bular ýalan kofermentlerdir. Olar hakyky kofermentleriň ornuny eýelese-de, hakyky kofermentleriň wezipesini ýerine ýetirip bilýän däldirler. Beloklar bolsa ýalan kofermentleri saýgarmansoňlar, olary hakyky kofermentler hökmünde kabul edýärler-de, olar bilen himiki täsire girişýärler. Ýöne bu täsiriň amala aşmagy mümkin däl, sebäbi munuň üçin täsiri güýçlendirijiler, ýagny hakyky kofermentler gerekdir. Netijede, organizmdäki maddalar çalşygy bozulýar. Iň erbedi-de, ýalan kofermentler hakyky kofermentleriň ornuny eýelemek bilen çäklenmän, öz hususy biohimiki «oýunlaryny» geçirip başlaýarlar. Netijede, hakyky witaminleriň täsiri bökdelýär ýa-da bütinleý ýok edilýär.

«Süýjüje jübütler»

Witaminleriň we antiwitaminleriň aç-açan garşylygyny C witaminiň (askorbin turşulygy) we onuň garşydaşy bolan askorbatoksidaz bilen hlorofilliň mysalynda görüp bolar. Bu maddalaryň ikisi-de C witamininiň okislenmegine sebäp bolýarlar. Bu adaty durmuşda nähili bolup geçýär? Eger almany böleklere kesişdirip goýsaňyz, ol  biraz wagtdan garalar, ýagny okislenenýär-de, düzümindäki askorbin turşulygynyň 50%-ne çenli ýitirip bilýär. Şonuň üçin-de, gök önümleri, ir-iýmişleri kesilen, dogralan badyna iýmelidir. Olardan sykylyp alnan şireleri taýýarlanylan badyna içmelidir.

B1 witamini (tiamin) ýüregiň, nerw we iýmit siňdiriş ulgamlarynyň işlemegine ýardam berýär. Ýöne B1 witamininiň peýdaly täsiri onuň «duşmany» tiaminaz ýok edýär. Bu «duşman» organizme çig azyklaryň kabul edilmegi netijesinde aralaşýar. Muňa esasan-da deňiz we derýa balyklary degişlidir. Tüwüde, ysmanakda, ýer almasynda hem tiaminazyň ujypsyz mukdary bardyr. Şonuň üçin-de ýapon naharlarynyň muşdaklary (balygy bişirmän, çigligine iýilýän naharlar) B1 witaminiň ýetmezçiligine sezewar bolmagy gaty ahmaldyr.

Antiwitaminleriň köp mukdary esasasan-da çig iýmitde bolýandyr. Mysal üçin, çig noýba E witamininiň peýdaly täsirini ýoklaýar. Soýa noýbalarynyň düzümindäki belok birleşmesi D witamininiň, kalsiý we fosforyň minerallaryny bütinleý ýok edip, rahitiň döremegine sebäp bolýar.

Giňden ýaýran antiwitaminiň biri-de çaýyň we kofäniň düzümindäki kofeindir. Kofein B we C witaminleriniň özleşdirilmegine zyýan berýär. Bu gapma-garşylyga ýol bermezlik üçin, çaýy ýa-da kofäni nahardan 1-1,5 sagat soň içmelidir.

Biotin bilen awidiniň himiki gurluşlary örän meňzeşdir. Biotin içegäniň mikroflorasynyň sagdyn bolmagyny üpjün etmek bilen birlikde, gandaky şekeriň derejesini kadalaşdyrýar. Awidin bolsa muňa garşy hereket edýär. Bu maddalaryň ikisi-de ýumurtganyň sarysynda bardyr. Ýöne awidin çig ýumurtganyň sarysynda bolup, gyzdyrylanda dargaýar.

 Eger siz asma kömelekleri (weşenkalary), sygyr süýdüni, etini, grek hozuny köp kabul edýän bolsaňyz, onda PP witamininiň ýetmezçiligine uçramagyňyz ahmal. Sebäbi şu agzalan iýmitlerde PP witaminiň «duşmany» leýsin aminokislotalary baýdyr.

A witamini (retinol) ýag erediji witaminleriň toparyna degişli  bolsa-da, margariniň we nahar ýaglarynyň köp bolan ýagdaýlarynda erbet özleşdirilýär. Şoňa görä-de, retinola baý bolan iýmiti: bagry, balygy, ýumurtgany taýýarlanyňyzda, ýagy mümkin boldugyndan az ulanmalydyr.

Hemme witaminleriň esasy duşmany-da spirt içgileri we çilimdir. Spirtli içgiler  B, C we K witaminleriň täsirini bütinleý ýok edýär. Ýekeje bir çilim organizmden C witamininň gije-gündizdäki mukdaryny weýran edýär.

Dermanlar hem kähalatda witaminleriň «duşmanlary» bolup bilýärler. Häzirki döwürdäki dermanlaryň köpüsi witaminleri ýa weýran edýärler ýa-da olaryň özleşdirilmegine päsgel berýärler. Mysal üçin, köpleriň kabul edýän aspirini organizmden kalini, kalsini, C we B witaminlerini ýuwup çykarýar.

B toparynyň witaminleri bolsa antibiotikler kabul edilende weýran bolýarlar. Antibiotikler içegäniň mikroflorasyny bozup, kömelekli ýokançlyklaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýarlar. Ýöne B toparynyň witaminleriniň ählisi içege bakteriýalary arkaly emele gelýändir. Şonuň üçin-de, gatygy, ýogurdy, asidofillini köpräk kabul etmek bilen, içegäniňz işini sazlaşdyrsa bolýar.  

Gapma-garşylygy aýyrýarys

Şunlukda, azyk önümleriniň hemmesinde diýen ýaly witaminler-de, antiwitaminler-de bardyr.  Eýsem muny bilmek nämä gerek? Bu biziň iýmek endiklerimiziň käbirini düzetmek üçin gerek. Mysal üçin, kofe içmegi halaýanlar dorogy (tworogy) köpräk iýmelidir. Dorog kofäni ýuwup çykarýan kalsisiniň öwezini dolýar. Çig önümleri iýmegi halaýnlar bolsa kepekli çöregi we ýaglary köpräk iýmelidir. Olar B witamininiň ýetmezçiliginiň öwezini dolýandyrlar.

Ulanylan WEB Salgy

  • 5704 gezek okalan