DÜNÝÄDE ENELERIŇ ÝAGDAÝLARY: ENE BOLMAK ÜÇIN HOWPLY WE HOWPSUZ ÝURTLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.94 (16 Ses)

Şu ýylyň maý aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýerleşýän "Save the Children", ýagny "Çagalary halas etmek" atly garaşsyz gurama dünýäde sagdyn eneligiň ýagdaýlary boýunça (World’s Mothers’ report) ýyllyk hasabatyny çap etdi. Hasabat 179 ýurtda ýaşaýan çaga dogran eneleriň ýagdaýlaryna ser salyp, netijeleri "indeks" görnüşinde jemleýär (Mother’s Index). Türkmenistan 179 ýurtlaryň arasynda 99-njy orny eýeleýär. Indeks bäş sany kriteriýany içine alýar: eneleriň saglygy, çagalaryň saglygy, eneleriň bilim, ygdysady we syýasy taýdan jemgyýetlerinde tutýän orunlary we mümkünçilikleri. 2000-nji ýyldan başlap çap edilip gelinýän bu ýyllyk hasabatda ene bolmak üçin iň amatly we howply ýurtlaryň sanawy görkezilýär.

Hasabata görä, Merkezi Aziýa sebitinde eneleriň ölümi Gazagystanda (her 1.500 aýaldan biri) iň pes derejede, Gyrgyzystanda (her 390 aýaldan biri) bolsa iň ýokary derejede bolup durýar. Türkmenistanda eneleriň ölüminiň derejesi her 640 aýaldan biriniň ölýändigi bilen kesgitlenýär. Hasabatda Türkmenistan Merkezi we Gündogar Ýewropa we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýan ýurtlaryň toparyna girizilýär. Ortaça alnanda, bu sebitde eneleriň ölümi her 2.600 aýaldan biriniň ölýändigi bilen kesgitlenýär.

Bäş ýaşdan kiçi bolan çagalaryň ölümi boýunça her müň çagadan Türkmenistanda 55 çaganyň, Gazagystanda 16 çaganyň, Gyrgyzystanda 24 çaganyň, Täjigistanda 48 çaganyň, Özbegistanda 43 çaganyň ölýändigi aýdylýar. Ortaça alnanda, Merkezi we Gündogar Ýewropa we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlarynda her müň çagadan 13 çaganyň ölýändigi barada bellenip geçilýär.

Hasabatda bellenşine görä, dünýäde gurply we garyp eneleriň we çagalaryň arasyndaky deňsizlik ýaýbaňlanýar. Şäherlerde ýaşaýan eneler we çagalar saglyk we ykdysady taýdan uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Dünýäniň ýüzünde ene bolmak üçin iň gowy, amatly şertli ýurtlara Norwegiýanyň, Finlýandiýanyň we Islandiýanyň degişli edilýändigi hasabatda bellenýär. Şertler boýunça iň ýaramaz we howply ýurtlaryň arasyna Somaliýa, Kongo we Merkezi Afrika respublikasy ýaly Afrika kontinentine degişli ýurtlar girizilýär.

  • 3042 gezek okalan