ÝAPON TEHNOLOGIÝALARY BOÝUNÇA ADAM BEDEN AGZALARYNY HAÝWANLARDA ÖSDÜRIP BOLAR.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Professor Hiromisu Nakauti adam beden agzalaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan täze barlag taslamasynyň ýolbaşçysy bolýar. Bu täze taslama özboluşlylygy bilen tapawutlanyp, onuň kömegi bilen ýapon barlagçylary adam agzalaryny haýwanlarda, has takygy doňuzlarda ösdürmäge synanşarlar. Barlagçylaryň bellemegine görä, eger taslama netijeli bolsa, onda şeýle tehnologiýalary ulanma birinji onýyllykda mümkin bolar.

Alymlar geçiriljek tejribeleriň meýilnamasy bilen tanyşdyrdylar. Tejribeleriň birinji ädimi aşgazanasty mäz emele gelmez ýaly, haýwanyň düwünçeginiň DNK-ny üýtgetmekden ybaratdyr. Soňundan adamyň sütünli (stwolowyýe) öýjükleri goşulan haýwan düwünçegi uly ýaşly doňzuň urkaçysyna oturdylar. Barlagçylaryň pikirine görä, adamynyň öýjükleri haýwanyň bedenine uýgunlaşyp, soňundan doňuzda kadaly işleýän aşgazanasty mäziň ösmegi mümkindir.

Şeýle-de alymlaryň aýtmagyna görä, eger tejribeler üstünlige eýe bolsa, adama tutus agzalary oturtma mümkinçiligi bolmasa hem, şeýle tehnologiýalar insuliniň derejesini kadalaşdyrýan aşgazanasty mäziň käbir öýjüklerini ösdürmäge mümkinçilik döreder.

Tejribäniň esasy maksady – adama oturtmaga ýaramly bolan dokumalary we agzalary ösdürmek üçin şertleri kesgitlemek we öwrenmekdir.

Ondan başga-da, alymlar öz barlaglarynda ýene bir esasy agza bolan bagry ösdürmäge synanşarlar. Eger tejribeler netijeli bolsa, täze döremeleri bejermegiň üstünlikli usullaryny işläp düzmäge mümkinçilik dörär we adaty ýagdaýda ösdürilmedik agzalarda täze dermanlaryň täsiri öwreniler.

Üç ýyl ozal ýaponiýaly professor Sinýa Ýamanaka bu ugurda geçiren barlag işleri üçin Nobel baýragyna mynasyp bolansoň, bedeniň dikeliş hadysalaryna gatnaşmaga ukyply sütünli (stwolowyýe) öýjükleri uly ünsi çekdi.

Lukmançylykda dikeldiş hadysalaryny öwrenme esasy ylmy ugry düzýän bolsa hem, Ýaponiýada kanunçylyk agzalary ösdürmek üçin haýwanlaryň ulanylmagyny gadagan edýär. Professor Nakautiniň ylmy taslamasynyň hem gadagan edilýändigi sebäpli, hemme tejribeler Lelanda Stenford adyndaky hususy barlag uniwerstitetinde (Kaliforniýa ştaty) geçiriler.

  • 1370 gezek okalan