FONTANLARDA SUWA DÜŞMEK SAGLYK ÜÇIN HOWPLY BOLUP DURÝAR.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (7 Ses)

Hünärmenleriň bellemegine görä, suw heňiniň we suw akarlaryň dykylmagynyň öňüni almak üçin ulanylýan himikatlar deriniň gyjyndyrylmagyny döredip, deri keselleriniň ýüze çykmagynyň sebäbi bolup bilerler.

Suw çüwdürimlerinde oturdylýan süzgüçler suwy diňe iri hapalardan arassalaýarlar. Fontanlarda bolsa guşlaryň, itleriň hem ýuwnup bilýändigini ýatda saklamalydyr. Deri kesellerinden başga-da, fontanlarda suwa düşmek ýiti içege ýokançlyklaryna, gastrit, peritonit, meningit we konýuktiwit kesellerine duçar bolmak üçin şert döredip bilýändir.

Fontanlarda suwa düşmek çagalaryň saglygy üçin has hem howply. Eger immun ulgamy gowşak çaganyň bedenine ýokançlyklary saklaýan suwuň birnäçe damjasy düşen ýagdaýynda hem dürli keselleriň döreme howpy ýokarlanýandyr.

  • 1767 gezek okalan