ALYMLAR JYNSY GATNAŞYKLARYNYŇ KADALY ÝYGYLYGYNY KESGITLEDILER.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.29 (14 Ses)

Şwed alymy, neýroimmunolog Manfred Şedlowski immun ulgamynyň ýagdaýynyň jynsy gatnaşyklarynyň häsiýetine baglylygyny öwrenýän tejribeleri geçirdi. Alymyň gelen netijesi şeýle: jynsy kanagatlanmadan soň bedende "ýok ediji" – killer öýjükleriniň derejesi 1,5 esse ýokarlanýar.

"Killer öýjükleri (başgaça fagositler) wirus bilen zeperlenen öýjükleri tanamaga ukyplydyrlar –  diýip, alymyň kärdeşi Peter Şlýaýher düşündirýär – Killer öýjükleri zeperli şeýle öýjükleriň içine aralaşyp, onuň özbaşdak dagamagyna ýardam berýärler. Şeýlelikde, eger jynsy gatnaşyklar killer öýjükleriniň derejesini ýokarlandyrýan bolsa, onda onuň diňe bedene oňaýly täsir etmän, immun ulgamynyň taplanmagyna hem ýardam berýändigi barada aýdyp bolar".

Saglyk üçin ýaramly bolup biljek jynsy gatnaşyklarynyň ýygylygy barada bolsa, alymlaryň pikirine görä, belli bir kesgitli maglumat berip bolmaýar. Hemme zat adamyň ýaşyna, hünärine, häsiýetine bagly bolup durýandyr.

Ýöne barlagçylaryň köpüsiniň bellemegine görä, hepdede 2-3 gezek geçirilýän jynsy gatnaşyklar saglyk üçin ýaramly bolup durýandyr. Bu pikiri ençeme barlaglar we sorag etmeler hem tassyklaýar.

Her gün (ýa-da günde birnäçe gezek) geçirilýän "seksual gahrymançylyklar" adamyny ýadadyp, onuň beden kuwwatlylygyny peseldýär. Alymlaryň bellemegine görä, adamlaryň köpüsi bu barada öwnüp gepleseler hem, hepdede 7 gün seksual gatnaşyklary geçirmeýärler.

  • 2952 gezek okalan