IÇILÝÄN GORMONAL KONTRASEPTIW SERIŞDELER ÝATGYNYŇ RAK KESELINE GARŞY UZAKMÖHLETLEÝIN GORAGLYLYGY DÖREDÝÄR.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Oksford uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa) alymlarynyň bellemegine görä, içilýän gormon serişdeleri ýatgynyň rak keseline garşy uzakmöhletleýin goraglylygy döredýär.

Alymlaryň bellemegine görä, gormon serişdeleriň soňky 50 ýylda kabul edilmegi ýatgynyň rak keseliniň döremeginiň 400 müň ýagdaýynyň öňüni aldy. Bu görkezijiler bütin dünýäniň aýallarynyň lukmançylyk görkezijileriniň öwrenilmegi netijesinde toplandy.

Barlagyň ýolbaşçysy, professor Waleri Beral, kontraseptiw serişdeleriň bildirýän goraglylygynyň kabul edilmesi bes edilenden soň hem birnäçe onýyllyklara dowam edýändigini belledi. Bu bolsa, 20 ýaşda kabul edilen serişdäniň täsiriniň, 50 ýaşa etenden soň hem dowam edýändigini aňladýar.

Professoryň bellemegine görä, gormonal serişdeler ýumurtgalyklaryň rak keseliniň döremeginiň hem öňüni alýar. Bu serişdeleriň her 5 ýyl dowamlylykda kabul edilmeginiň, ýatgynyň we ýumurtgalyklaryň rak keseliniň döremegini takmynan 25-30% peseldýändigini alymlar belleýärler.

Alnan maglumatlar Demirgazyk we Günorta Amerika, Ýewropa, Aziýa, Awstraliýa ýurtlaryndan bolan 27276 aýalyň gatnaşmagynda geçirilen 36 sany lukmançylyk tejribeleriniň netijesi bolup durýandyr.

Barlaglaryň netijeleri The Lancet Oncology žurnalynda çap edildi.

  • 1590 gezek okalan