GÖWRELILIK DÖWRÜNDE PEÝDALY IÝMITLENME DOGA ÝÜREK KEMÇILIKLI ÇAGALARYŇ DOGULMA TÖWEKGELÇILIGINI PESELDÝÄR.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

Ýürek boýunça Britan Fondunyň alymlary göwrelilikden öňki hem-de şol döwürde peýdaly iýmitlenmegiň doga ýürek kemçilikli çagalaryň dogulma töwekgelçiligini peseldýändigini bellediler.

Balyk, gök we ir-iýmiş önümleri, maňyzlar, foliý turşylygy, witaminler, şol sanda süňkleriň we dişleriň saglygy üçin zerur D witamini göwreliler tarapyndan kabul edilmek üçin maslahat berilýän önümler bolup durýarlar.

Häzirki wagtda Angliýada döwlet meýilnamasy hereket edip, göwreli eneler ýörite berlen rugsatnamalar boýunça süýt we gök önümleri alyp bilýärler.

Tejribelere gatnaşan iki toparyň göwreli aýallarynyň saglyk ýagdaýlaryny derňäp, alymlar dogry iýmitlenen aýallardan doglan çagalaryň arasynda doga ýürek kemçilikleriniň has seýrek duş gelendigini bellediler. Howply doga bozulmalaryň arasyndan alymlar alynýürekara germewiň kemçiliklerini we "gök" doga kemçiligi bolan Fallonyň Tetradasyny belleýärler.

Ýüregiň doga kemçilikleri has ýygy ýaýran doga döreýän näsazlyklaryň biri bolup, Beýik Britaniýada doglan her 1000 çagadan 9 çagada duş gelýändir. Şonuň üçin hem, Ýürek boýunça Fonduň baş berhiz lukmany Teýloryň bellemegine görä, aýalyň göwrelilikden öň we şol döwürde dogry hem-de peýdaly iýmitlenmegi diýseň wajyp bolup durýandyr.

Teýloryň aýtmagyna görä, peýdaly iýmitlenme doga ýürek näsazlyklardan 100% goraglylygy üpjün etmese hem, aýallary peýdaly iýmitlenmäge itergi berýän goşmaça faktor bolup durýandyr.

  • 1491 gezek okalan