LUKMANÇYLYK BOÝUNÇA NOBEL BAÝRAGYNY ÝOKANÇLYGA GARŞY TAPYLAN DERMANLAR ÜÇIN BERDILER.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Stokgolmda 2015-nji ýyl boýunça fiziologiýa we lukmançylykda Hobel baýragynyň laureatlary bellenildi.

Baýragy ikä böldüler. Onuň bir bölegini mugthorlar tarapyndan ýaýradylýan ýokançlygyň bejergisiniň täze usuly üçin irlandiýaly Uilýam Kämpbell we ýaponiýaly Sagosi Omura aldylar.

Baýragyň beýleki bölegi gyzzyrma keseliniň bejergisiniň täze usuly üçin hytaý alymy Ýuýu Tu berildi.

Kämpbell bilen Omura onhoserkoz (derýa körlügi) we limfatiki filýariatoz bilen keselçiligi peseltmäge ýardam berýän derman serişdesini oýlap tapdylar. Ýuýu Tu gyzzyrma keselinden ölümçiligi peseldip biljek esasy derman serişdesi bolan artezimini açdy.

  • 1305 gezek okalan