14-nji IÝUN - GAN DONORYNYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNÜDIR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.25 (4 Ses)

Bu sene meýletin we mugt gan tabşyrmak ugrunda çykyş edýän üç gurama: Gyzyl Haç jemgiýetçiliginiň Halkara Federasiýasy, Gan goýbermegiň Halkara jemgyýetçilik guramasy we Gan donorlarynyň guramalarynyň Halkara Federasiýasy tarapyndan bellenilip resmileşdirildi.

Biziň her birimiz gan donory bolup bileris!

Adam gany iň bir gerekli, gymmatly biologiki suwuklyk bolup, onuň bedendäki mukdarynyň azalmagy, emele gelşiniň, düzüminiň üýtgemegi köp keselleriň we howply ýagdaýlaryň sebäbi bolup biler. Şol sebäpden hem saglygy goraýyş ulgamynda gan donorçylygynyň (latynça "donore" — sowgat bermek) kämilleşmegine uly üns berilýär.

Gandan taýynlanan serişdeleri uzak saklap bolmaýanlygy sebäpli, gana hemişe mätäçlik bardyr. Bu ýagdaý hem gan donorçylygynyň esasy kynçylygydyr. Başga bir tarapdan bolsa, gan berýän adamynyň (donoryň) saglygyna zyýan ýetmez ýaly, gan tabşyrmalaryň arasyna belli bir salym salmak möhümdir. Şonuň üçin hem gany we onuň düzüm böleklerini tabşyrýan donorlara bolan isleg köpdür. Kiçi şäherler bilen deňeşdirlende, uly şäherlerde tabşyrylýan gana mätäçlik ýokarydyr. Bu ýagdaý esasan, uly şäherleriň keselhana merkezlerine başga welaýatlardan, etraplardan näsaglaryň köp gelýänligi bilen düşündirilýär.

Donor gany dürli betbagtçylyga düşen adamlara (meselem, ýer titremede jaýyň aşagynda uly basyşa sezewar bolan adama gan plazmasyny guýmak), dogrum wagty aýal gan ýitirende, dürli ýaralanmalar arkaly adam gan ýitirende, dürli ganazlyk ýagdaýynda (Fonkonyň, Blekfana-Daymondyň ganazlygy), gemofiliýaly näsaglara gan gerekli bejergi serişdesi bolup durýandyr. Gemofiliýa keselinde (gan uýamagyň peselmegi) gan guýma ýagdaýy näsagyň ömrüni uzaldyp, ol kadaly geçirilip durmalydyr. Ondan başga-da, gan we onuň düzüm bölekleri şöhle we himiýa serişdeleri bilen bejergi alýan näsaglara hem goýberilýär.

Gany, onuň haýsy düzüm bölegini almak üçin tabşyrylýanlygyna baglylykda, dürli usul bilen alyp bolýar.

Näsaga gan "bolşy ýaly" göýberilmän,  keseline we ýagdaýyna baglylykda, onuň dürli düzüm bölekleri goýberilýär. Hemme ýagdaýlarda hem gan eliň wena damaryndan alnyp, gerekli düzümi saýlanyp alnandan soň, yzyna ýene damara goýberilýär.

Ganyň tutuş özüni 400-500 ml mukdarda tabşyryp bolýandyr. Lukman gematologlar ondan gerekli gan serişdesini taýynlaýandyrlar.

Gany trombositlere tabşyrmak ýörite enjamyň kömegi bilen amala aşyrylýandyr. Onuň üçin näsag ilki barlagdan geçirilyär. Ertesi güni ýa-da bir günden donoryň ganyndan abzalyň kömegi bilen trombositleri bölüp alýarlar. 1,5-2 sagadyň dowamynda, gandan trombosit öýjükleri alnandan soň, galan gan ýene yzyna gaýtarylýandyr. Gandan trombositleri almagyň iki usuly bardyr: üznükli we enjamyň kömegi bilen bölüp aýyrmak. Üznükli usulda donoryň gany bölek- bölek alnyp, ondan trombositler bölünip, galany donora goýberilýändir.

Enjamly usulda gan yzygider ýagdaýda enjamdan geçirilip, ýene yzyna damara goýberilýär. Enjamly usuly has oňaýlydyr, ýöne ol has çylşyrymly we gymmat bolan enjamy talap edýändir. Ganyň plazmasy (onuň suwuk bölegi) hem ýörite enjamyň kömegi bilen alynýandyr. Ganyň suwuk bölegi alnyp, galan gan bölekleri yzyna goýberilýändir.

Olardan başga-da, gandan granulositler (leýkositleriň görnüşi) hem taýynlanýandyr. Bu gan öýjüklerini 24 sagatdan artyk saklap bolmaýanlygy sebäpli, olary zerurlyga görä alýandyrlar.

Donora öňünden granulositleriň emele gelmegini çaltlaşdyrmak üçin ýörite derman serişdelerini goýberýärler we  ertesi güni, trombositleriň alnyşy ýaly gan alynýar. Granulosit öýjükleri bedeniň tapdan düşen ýagdaýynda ( meselem, himiobejergiden soň) goýberilip, ol näsaga bir gije-gündiziň dowamynda guýulmalydyr.

Donordan gan alma ýöriteleşdirilen gan merkezinde amala aşyrylýar. Gan merkezinde donor hemme barlaglardan mugt geçirilýär. Donor terapewt lukmanyň barlagyny (bedeniň gyzgynynyň ölçelmegi, gan basyşy, ýürek urgulary kesgitlemek) geçýär, ganyň topara we RH-barlag, umumy we biohimiki barlaglary amala aşyrylýar.

Donoryň ganyny merezýel, AIDS, sary getirme kesellerine barlaýarlar.

Her bir isleg bildirýän adam gan donory bolup biler, Ýöne donorçylyk üçin ýörite talaplar berjaý edilmelidir:

  • 18 ýaşa ýeten we 60 ýaşdan uly bolmadyk adamlara gan tabşyrmak rugsat berilýär;
  • agramyň 50 kg az bolmadyk ýagdaýynda.

Gany alýan adamynyň (resipiýentiň) ýokuşdyrmazlygy we saglygyna zyýan ýetirmezlik maksady bilen aşakdaky ýagdaýlarda gan tabşyrmak gadagan edilýär:

  • Ýokanç keseller: AIDS, wirusly gepatitler, inçekesel, merezýel, örgünli garahassalyk, toksoplazmoz, heýwere keseli, brusellýoz, ehinokokkoz;
  • Gan keselleri;
  • Alkogolizm we neşekeşlik;
  • Ruhy keseller;
  • Ýürek-damar ulgamynyň keselleri: ýüregiň işemiýa keseli, ateroskleroz, ýürek şikesleri, tromboflebit, miokardit, endokardit;
  • Dem alyş ulgamynyň keselleri: demigysma, öýken emfizemasy, bronhoektaz keseli;
  • Iýmit siňdiriş ulgamynyň keselleri: aşgazanyň we on iki barmak içegäniň baş keseli, bagryň dowamly keselleri, daşly holesistit, bagryň sirrozy;
  • Gözüň keselleri: ýokary derejeli miopiýa, doly körlük;
  • Deri keselleri: teňňeli demrew, dermatozlar, ekzema, deriniň iriňli keselleri, deriniň kömelekli    şikeslenmegi;
  • Operasiýa edilip, haýsy hem bolsa bir agza kesilip aýrylan ýagdaýynda.

Käbir ýagdaýlar gan bermäni yza çekip biler:

  • Ýiti respirator kesellerden, basykdan sagalmadan soň, bir aýdan köp wagt geçmelidir;
  • Eger Siz B ýa-da C görnüşli gepatitli näsag bilen galtaşykda bolan bolsaňyz, bir aýdan soň donor bolup bilersiňiz;
  • Operasiýalardan (ýöne muňa haýsydyr bir içki organyň kesilip aýrylýan ýagdaýlary degişli däl) ýa-da çaga aýyrtmadan (abortdan) soň hem alty geçmelidir;
  • Eger siz dişleriňizi sogurdan bolsaňyz, on gün geçmelidir.

Aýallara, esasan hem ýaş enelere gan bermek üçin aýratyn talaplar bildirilýär:

  • Aýbaşydan  5 günden köp wagt geçmelidir;
  • Çaga doglandan soň bir ýyl geçmelidir;
  • Çagany süýtden aýranlaryndan soň üç aý geçmelidir.

Gan taşyryljak güni donor gowy ukusyny alyp gelmelidir. Gan tabşyrmadan bir sagat öň çilim çekmekden saklanmalydyr. Donor iki gün öň alkogol içgileri içmeli däldir. Iki  hepde öň antibiotik dermanlary kabul etmekden gaça durmalydyr. Gan tabşyrjak güni hökman ertirlik edinmelidir, ýöne ýagly, gowrulan naharlary, süýt önümleri iýmekden saklanmalydyr.

Gan, ýörite bir gezek ulanylýan enjamlar bilen alynýandyr. Iňňe eliň iç ýüzündäki damara salnyp, sypmaz ýaly ýörite leýkoplastyr bilen berkidilýändir. Bu ýagdaýlar gan berýän adamda agyry ýa-da oňaýsyzlyk döredýän däldir. Adatça 400-450 ml mukdarda gan alynýandyr. Ganyň özüni almak 5-10 minut, trombositleri we granulositleri almak-1,5-2 sagat, gan plazmasyny almak- 40 minut wagty talap edýändir.

Gan alnandan soň, şepagat uýasy eliňize arassa daňyny goýup, ony 2-3 sagatlap aýyrmaly däldigini ýatladar. Gan tabşyrmadan soň, 10-15 minut ýatmalydyr. Gan tabşyrlandan soň, iki günläp bedene fiziki agram salmajak bolmalydyr, ýokumly önümler bilen iýmitlenmelidir, 3-4 günüň dowamynda 1,5-2 litr suwuklyk kabul etmelidir.

Gan bermeden soň, indiki gan bermä çenli wagt 60 günden az bolmaly däldir. 4-5 gezek gan bermeden soň, bedeniň dikeldilmegi üçin, 3 aýdan az bolmadyk wagtlyk arakesme etmelidir.

Tpombositlere tabşyrlandan soň, donor gan berme üçin 2 hepdeden gelip biler.

Plazma tabşyrma üçin hem şu möhletler görkezilýändir. Plazmany ýylda 12 gezege çenli tabşyrmak rugsat berilýändir.

Lukmanlaryň bellemegine görä, gan bermak bedene ýaramaz täsir etmeýär, beden agzalaryň işiniň bozulmagyna getirmeýär. Yzygiderli ganyň alynmagy gan aýlanşygy gowulandyryp, ýürek-damar keselleriň öňüni alýar hem-de bedeniň kesellere durnuklylyk ukybyny ýokarlandyrýar.

  • 4154 gezek okalan