LUKMANLAR SEMIZ ADAMLARYŇ HORLANMAÝANDYKLARYNYŇ SEBÄPLERINI DÜŞÜNDIRÝÄRLER.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (9 Ses)

Biziň hemmämiz artykmaç agramlylygyň beden üçin artyk ýük bolup, saglyga zyýan ýetirýändigini bilýäris. Ýöne semiz adamlaryň hemmesi horlanmaga ymtylmaýarlar.

Psihologlaryň bellemegine görä, semiz adamlaryň ençemesi öz uly bedenini salyhatlylygyň nyşany höküminde kabul edýärler. "Uly ölçeg – uly hormat" düşünjesine eýerip, uly göwräniň olary sosial basgançakda beýgeldýändigine ynanýarlar.

Başga bir sebäp – öz-özüňe gözegçilik etme ukybynyň bolmazlygydyr. Dürli emosional ýagdaýlaryň täsirinden özbaşdak çykyp bilmän, süýjüli tagamlaryň we myssyjak bulkalaryň ýesirine öwrülmegiň hem bir sebäpdigini ekspertler belleýärler.

Iýmitlenmäni durmuşynyň esasy manysyna öwürip ýaşama, gynansakda, biziň döwrümizde ýygy duş gelýän ahwalatlaryň biridir. Köp adamlar üçin tagamy saýlamak, ony taýynlama we kabul etme – boş wagtyny geçirmegiň ýeke-täk ýoly bolup durýar.

Horlanma çäresi iýmitlenme düzgünini üýtgetmegi talap edýär. Bu bolsa esasan hem iýmegi durmuşynyň ýeke-täk şatlyk çeşmesi hasaplaýan adamlarda gorky döredýär. Köplenç horlanmadan gorkýan adamlaryň durmuşynda gyzyklanma we güýmenje çeşmeleri bolmaýar.

Ýöne bu ýagdaýyň başga tarapy hem bardyr. Işe berlen adamlar hem öz artykmaç agramyna öwrenşip bilerler. Işeňňir adam hemişe stress ýagdaýda bolup, kadaly iýmitlenmän biler. Onuň ýaly ýagdaýda beden ýagyň köp mukdaryny ätiýaçlyk üçin toplaýar – netijede, agram has hem artyp başlaýar.

  • 1691 gezek okalan