GÖWRELILIK DÖWRI BAŞDAN GEÇIRILÝÄN STRESS DOGULJAK ÇAGANYŇ SAZLAŞYKLY HEREKETLENME UKYBYNA ÝARAMAZ TÄSIR EDÝÄR.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Notr-Dam Uniwersitetinde geçirilen täze barlaglar, göwreliligiň soňunda stress ýagdaýyny başdan geçiren aýallarda tagaşyksyz hereketli çagalaryň dogulýandygyny äşgär etdi. Ownuk hereketleri dogry we takyk ýerine ýetirip bilme häsiýetine aýrylyşma, göwrelilik döwri başga ýere göçme, işiň ýitirilmegi, garyndaşyň aradan çykmagy, maddy we maşgala kynçylyklary täsir edip biler.

Barlagçylar geljekki eneler bilen göwreliligiň 18-nji, soňra 34-nji hepdesinde gürrüňdeşlik geçirdiler. Göwreliligiň soňky üç aýynda stresiň ýüze çykmagy üçin ilkinji sebäp bolup pul serişdeleriniň ýetmezçiligi öňe çykdy. Şeýle sebäbi göwreliligiň 34-nji hepdesinde aýallaryň 30%-i belledi. Ondan başga-da, göwreliligiň gaýraüzülmeleri, başga ýere göçmek we maşgala kynçylyklary ýaly sebäpler aýdylyp geçildi.

2900 sany çaganyň hereketlenme ukyby ýörite synaglaryň kömegi bilen 10, 14 we 17 ýaşlarda barlanyldy. Alymlar göwreliligiň soňky aýlarynda üç ýa-da ondan hem köp stress ýagdaýyna getirýän sebäplere sezewar bolan aýallaryň çagalarynyň sazlaşykly hereketlenme endiginde kynçylyklarynyň bardygyny anykladylar. Bu ýagdaý barlagçylar tarapyndan geçirilen her gözegçilikde anyklanylýardy.

Sazlaşykly hereketlenme ukyby hat ýazma, ylgama ýaly dürli durmuşy meseleleri çözmede kynçylyk döredip biler. Alymlaryň bellemegine görä, stress hadysalary göwreliligiň soňky aýlarynda ösýän beýnijigiň ýagdaýyna täsir edýär. Maýmynlarda geçirilen ondan öňki barlaglar hem enesiniň stress ýagdaýynyň çagasyna täsir edýändigini görkezdi. Şonda alymlar, esasy sebäbiň stressiň gormony bolan kortizoldygyny belläpdiler.

  • 1565 gezek okalan