ALYMLAR ALADALANÝARLAR: TÄZE TEHNOLOGIÝALARA DEGIŞLI ENJAMLARYŇ (GADŽET) ÝÜZÜNIŇ ÝAGTYLANMASYNY GÜNÜŇ WAGTYNA UÝGUNLAŞDYRMALYDYR.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

Londondaky Evelina Children's Hospital keselhanasynyň lukmanlarynyň bellemegine görä, smartfonlar, planşetler we elektron kitaplary adamlaryň adaty uklama tertibini bozýarlar.

Barlagçylar täze öndürilýän smartfonlaryň has güýçli ýagty berip, çykýan ýagtylygyň has gök öwüşgin berýändigini belleýärler. Garaňkyda adamyň bedeni uklamaga kömek edýän melatonin gormonyny işläp çykarýar. Ýöne ýagtylyk tolkunlarynyň käbir bölekleri, esasan hem gök we ýaşyl bölegi kadaly we kynçylyksyz uklamany bozýarlar. Alymlaryň tassyklamagyna görä, täze tehnologiýaly enjamlar ýagtylygyň gök bölegini has güýçli bölüp çykaryp, adamynyň uklamasynda kynçylyklary döredýärler we uklama tertibiniň üýtgemegine sebäp bolup bilýärler.

Lukmanlar şeýle enjamlary gijeki sagatlar däl-de, gündiz ulanmagy maslahat berýärler. Şeýle-de, öndürijileriň enjamlaryň ýüzünden çykýan gök şöhlelenmäni kadalaşdyrmak üçin F. lux. meýilnamasyndan peýdalanmaklarynyň zerurdygyny nygtaýarlar. Bu meýilnama kompýuteriň displeýiniň ýüzüniň ýagtylanyş häsiýetini günüň wagtyna görä üýtgetmäge kömek edýär.

  • 1522 gezek okalan