BIOLOGIKI IŞJEŇ AÝNADAN ÝASALAN DIŞ PETIKLERI KARIES KESELINI DURZUP BILERLER.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Oregona Uniwersitetiniň alymlary biologiki işjeň aýnalary diş petikleri (plomba) üçin ulanyp boljakdygy barada aýdýarlar. Minerallaryň goşulmagy bilen ýasalan şeýle serişdeli diş petikleri dişleriň dargamagynyň öňüni alyp, diş dokumasyny ýetmeýän minerallar bilen üpjün edip bilerler. Şeýle hem, bu häsiýet karies keseliniň öňüni almaga hem kömek edip biler. Çünki bioligiki işjeň serişdeden ýasalan petikde agyz boşlugynda ýaşaýan bakteriýalar köpelip bilmeýärler. Şeýle petik kalsiniň, kaliniň we fosforyň oksidinden ybarat bolup, daşyndan kiçijik aýna bölejigine meňzeýändir. Bedeniň dokumalary bilen özara täsirliligi bolany üçin bu serişde "biologiki işjeň" diýip atlandyrylýar.

  • 1332 gezek okalan