RUSSIÝADA EBOLA KESELINE GARŞY WAKSINA SYNAGLARYŇ SOŇKY TAPGYRYNYŇ GEÇIŞINI TAMAMLADY.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Rus lukmanlarynyň Ebola gyzdyrmasyna garşy waksina döredendigi barada Russiýanyň sarp edijilik gözegçiliginiň gullugynyň başlygy Anna Popowa habar berdi. A. Popowanyň aýtmagyna görä, hünärmenler döredilen waksinany hasaba goýmak üçin resmi kagyzlary taýynlaýarlar we gysga wagtda Ebola gyzdyrmasy ýokuşma töwekgelçiligi ýokary adamlara sanjym etmek mümkinçiligi dörär. Häzirki wagtda waksina synaglaryň soňky tapgyryny geçýär. Ondan soň serişde howply kesele garşy waksina ýetmezçiligi bolan ýurtlara iberiler.

  • 1149 gezek okalan