2015-nji ÝYLYŇ ESASY YLMY AÇYŞLARY: EMELI AŞGAZANASTY MÄZIŇ DÖREDILMEGI, ADAM ÝÜZÜNIŇ OTURDYLMAGY WE BAŞGALAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.64 (22 Ses)

Biz geçen ýylyň gyzykly ylmy açyşlaryny size ýatladasymyz gelýär. Dünýäni antibiotiklere duýgur bakteriýalar "basyp" aldylar, sütünli öýjükleriň kömegi bilen agyr keseli üstün çykma, nobel laureatyna bolsa bagta baha bermek başartdy, emeli döredilen aşgazanasty mäz bolsa adamlarda üstünlikli ulanyldy.

Nobel baýragy: gyzzyrma, genetiki özgermeler we bagtlylyk

Nobel baýragynyň fiziologiýa we lukmançylyk ugrundan berilmegi ylymda 2015-nji ýylyň iň wajyp wakalarynyň biri boldy. Geçen ýyl gyzzyrma, onhoserkoz ýokançlyklaryna garşy derman döreden alymlary sylagladylar. Bu derman serişdeleri amaly lukmançylykda eýýäm giňden ulanylyp, millionlarça adamlaryň ömrüni halas etmäge kömek etdi.

Himiýa ugrundan Nobel baýragy DNK-nyň düzümindäki nuklein turşylyklarynda dörän bozulmany düzetmäge ýardam berýän mehanizmleriň açylyşy üçin berildi. Ondan başga-da, geçen ýyl bagtlylygyň bahasy kesgitlendi – edil şonuň üçin ykdysadyýet ugrundan Nobel baýragy Angus Ditona berildi.

Üstünlige getirjek netijeler: leýkoz, Alsgeýmer we şöhle keseli

Geçen ýylyň noýabrynda alymlar genetiki özgerdilen immun öýjükleriniň kömegi bilen ilkinji gezek leýkozyň bejerilendigini habar berdiler. Ondan öň syçanlarda synag geçen bu bejergi usuly, bejerip bolmaýan diýip hasap edilen limfoblastly leýkozy bir ýaşlyja gyzjagazda bejermäge mümkinçilik berdi.

ABŞ-da Alsgeýmer keselini bejermekde netijeli boljak derman synagdan geçdi. Beýnide amiloid ýasmajyklarynyň döremegine täsir edýän solanezumaba dermanynyň ulanylmagy, 30% ýagdaýlarda akyl ýetirijilik häsiýetleriniň bozulmasyny saklamaga kömek etdi.

Awstraliýada bolsa Parkinson keselinň bejergisiniň täze usulyny synag etme başlanýar. Eger synaglar üstünlikli geçse, bu keseli sütünli öýjükleri bilen bir gezek sanjym alma arkaly bejerme ýeterlik bolar.

Ýene bir garaşylan derman – şöhle keseline garşy bejergi serişdesidir. DBIBB serişdesi radiasiýanyň täsirinden soň üç gün geçen halatynda hem ýiti şöhle keselini netijeli bejermäge kömek edýär. Dogry, bu serişde entek diňe syçanlarda synaglary geçdi. Alymlaryň bellemegine görä, geljekde bu derman täze döremelerden bejergi alýan näsaglara şöhle bilen bejergini aňsatlyk bilen geçirmäge kömek eder.

Mikrobiomyň öwrenilmegi

Alymlar geçen ýyl bedeniň mikrobiomynyň düzümini has anyk öwrenmäge girişdiler. Mikrobiomyň düzümini bakteriýalar, wiruslar we kömelejikler düzýärler. Ýöne bedende ýaşaýn wiruslaryň (wirom) düzümi entek alymlar tarapyndan doly öwrenilen däldir. Mikrobiomyň mukdar we hil taýdan häsiýetnamasynyň biziň saglygymyza saldamly täsirini ýetirýändigi äşgär boldy. Bedeniň mikrobiomynyň üýtgemegi süýji keseli, gamgynlylyk ýaly saglyk bilen bagly kynçylyklara getirip biler. Içege bakteriýalarynyň düzüminiň üýtgemegi bolsa agramyň artmagynyň, aterosklerozyň we göni içegäniň rak keseliniň sebäbi bolup biler.

Emeli agzalar: aşgazanasty mäz we şyçan aýajygy

Amerikan alymlary emeli aşgazanasty mäziň oturdylmagy bilen bagly synaglaryň tamamlanandygy barada habar berdiler. Synaglara 14 sany pankreatit keselli näsaglar gatnaşdylar. Näsaglara diňe bir insulin işläp çykarýan öýjükler oturdylman, ganda glýukozanyň derejesini özbaşdak anyklamaga we insulin sanjymlaryny etmäge kömek edýän pompany hem oturtdylar.

Dikeldiji mehanizmleri öwrenýän lukmançylykda ýene bir gazanylan uly üstünlik – ýörite şertlerde ösdürilen şyçanyň öňki aýajyklarydyr. Olaryň düzümini kollagen sütüni düzýär. Ondan başga-da, edil sag aýaklarda ýaly, olarda gan damarlary hem bar. Alymlar geljekde kesilip aýyrlan adam aýaklaryny hem täzeden ösdürip boljakdygyna tama bildirýärler.

Geň galdyryjy wakalar: ýüzüň oturdylmagy, ýüregiň işledilmegi we beden agzalaryny oturtmagyň marafony

Amerikan lukmanlary geçirmesi çylşyrymly hasaplanýan ýüzi oturtma operasiýasyny geçirdiler. Operasiýa ýangyn wagty ýüzüni ýakan öňki ýangyn söndüriji Patrik Hardisona geçirildi. Pajygaly wakadan soň geçen 15 ýylyň içinde oňa 70 sany operasiýa geçirilen bolsa hem, geçen ýyl geçirilen operasiýa onuň durmuşynyň hilini gowulandyrmaga kömek berdi.

Hytaý lukmanlaryna 7 sagat işlemän duran ýüregi işletme başartdy. Öň duran ýüregi 6 sagatdan soň işletmegiň mümkin däldigi belli bolsa hem, Fuçžou keselhanasynyň lukmanlary bu ylmy düşünjäni ret etdiler.

Iýun aýy San-Fransisko şäherinde beden agzasyny oturtmagyň marafony geçirildi – 36 sagadyň içinde 9 adam böwrekleriň donory (beriji) bolmagy ýüreklerine düwdüler. Netijede, 9 adam ömri üçin gerekli agzanyň eýesi boldy. Olaryň biri donor beden agzasyna birnäçe ýyl garaşyp, bedeni emeli usul (dializ) bilen arassalama bejergisiniň kömegi bilen ýaşaýardy.

  • 2566 gezek okalan