TERTIPSIZ JYNSY GATNAŞYKLARA ÝYKGYN ETMEK HÄSIÝETINE GENLER GÜNÄKÄR.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.55 (11 Ses)

Bingempton uniwersitetiniň amerikan alymlary adamlary ikilik etmäge mejbur edýän geni tapdylar. Barlaglara 180 sany ýaş erkek adamlar gatnaşdylar. Olaryň hemmesiniň DNK-nyň nusgalaryny alyp, seksual häsiýetliligi barada soragnama geçirdiler. Seljermeler DRD4 görnüşli geni bolan erkek adamlaryň hiç hili jogapkärçilik duýmazdan jynsy gatnaşyklary geçirip bilmäge meýillidigini ýüze çykardy. Alymlar bu geniň beýniniň lezzetlilige jogap berýän merkezi bilen arabaglanşygynyň bardygyna güman edýärler. Ekspertleriň düşündirmegine görä, uzaga çekmeýän gatnaşyklary bu geni saklamaýan adamlar hem açýan bolsalar, bu geni göterijiler tertipsiz seksual gatnaşyklary geçirmäge has ýykgyn bolýarlar.

  • 2031 gezek okalan