BEÝNIDE DOPAMIN WE SEROTONIN HIMIKI MADDALARYŇ ÝETMEZÇILIGI RUHY GAMGYNLYLYGY DÖREDÝÄR.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.78 (9 Ses)

Numbai’s Nanavati Super Spesialty Hospital klinikasynyň hünärmenleriniň bellemegine görä, serotonin we dopamin gormonlarynyň ýetmezçiligi ruhy gamgynlylyk, ünsüň peselmegi, keýpiň bolmazlygy, öz-özüňe kast etmäge meýliň döremegi, göze görünmek we gulaga eşidilmek duýgylaryň döremegi ýaly saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklara getirip bilýär. Barlagyň awtory, neýrohirurg Mohiniş Bhwatiwaliň düşündirmegine görä, bedende bu gormonlaryň derejesiniň peselmegi adamyň keýpiniň bozulmagyna getirýär. Dopamin gormony keýpiň köklügini saklamaga kömek etse, serotonin emosional asudalygyň, ynamlylygyň saklanmagyna ýardam edýär. Bedende bu neýrohimiki maddalaryň kadaly saklanmagy üçin, alymlar fiziki işjeňligi saklamagy, ýoga bilen meşgullanmagy, dem alyş maşklary ýerine ýetirmegi maslahat berýärler. Şeýle-de, triptofan saklaýan önümleri, meselem, goňur tüwi, ýaglar, deňiz önümleri ýaly iýmitleri kabul etmek peýdaly netijeleri berip biler. Çünki triptofan beýnide serotonin gormonyna öwrülýändir. Hürärmenleriň pikirine görä, özüňi gowy duýmagyň iň peýdaly dermany – peýdaly iýmitlenme, dynç alma, halaýan işiň bilen meşgullanma we özüňe emosional ýaramly adamlar bilen gatnaşyk saklamadyr.

  • 1674 gezek okalan