MEDIANYŇ ÝAŞ ÇAGALARYŇ DURMUŞYNDAKY PEÝDALY, ZYÝANLY WE NÄBELLI TARAPLARY.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (6 Ses)

Boston University Medical Center-iniň habar bermegine görä tehnologiýa diňe bir ulularyň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülmän, eýsem, çagalaryň hem durmuşynda uly orun eýelemäge başlady. Emma munuň çagalara dürli taraplardan nähili täsir edýändigi barada heniz ýeterlik barlaglar geçirilmedi.

Häzire çenli alnyp barylan birnäçe derňewleriň netijeleri 30 aýdan kiçi çagalaryň hakyky adamlar bilen aragatnaşyk edip öwrenýän ukyplaryny telewizordan we wideolardan öwrenip bilmeýändiklerini tassyklan hem bolsalar, bilim, terbiýe maksatly elektroniki programmalaryň nä derejede kanagatly netije berýändikleri barada barlaglar ýok diýen ýaly.

Öňki käbir gözleg işleri bilim maksatly elektroniki programmalaryň (kitaplar, sözlükler, ýazmaça we matematiki oýunlar) 3 ýaşdan uly çagalara peýdaly bolup bilýändigini nygtapdylar. Emma şeýle programmalaryň 3 ýaşdan kiçi çagalara ýetirip biljek peýdasy henizem sorag astynda galýar. Umumy alanyňda bolsa, çagalaryň telewizora köp güýmenmegi olaryň gürlemek we sosial ukyplaryny peseldýändigi, ýaş çagalaryň hem zatlary ellemek, adamlar bilen aragatnaşyk etmek arkaly has gowy öwrenýändigi subut edilendir.

Ýaş çagalary köşeşdirmek üçin ulanylýan elektroniki programmalaryň çagalaryň özlerine erk etmek, sagdyn pikirlenmek we duýgudaşlyk ýaly deň-duşlary bilen gatnaşykda bolup öwrenýän sypatlarynyň ösmegine zelel berýändigine bilermenler şübhelenmeýärler. Şol sebäpli hem ene-atalara mümkin boldugyça çagalary bilen bile wagt geçirmek, söhebetdeşlik etmek maslahat berilýär.

  • 1514 gezek okalan