2-nji APREL – AUTISM KESELI BARADA MAGLUMATY ÝAÝRATMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNIDIR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.91 (11 Ses)

Bu keseliň ady "autos" diýen latyn sözünden gelip çykyp, "özüm" diýmegi aňladýandyr. Autizm − öz-özi bilen, öz dünýäsinde ýaşaýan adamynyň keselidir. Bu keselli çaga öz dünýäsinde ýaşap, daş-töwereginde bolup geçýän hadysalary, wakalary kynlyk bilen kabul edýändir. Autist adamlar bilen, şol sanda ene-atasy bilen gatnaşykdan, gürrüňdeşlikden gaça durýar, özi bilen sözleşilende hiç hili jogap bermän hem bilýär. Olardaky şeýle häsiýet, olaryň eşidiş agzalarynyň bozulmalarynyň bardygy barada çaklamalaryň döremeginiň sebäbi bolup bilýändir. Häsiýetinde bar bolan "täsinliklere" garamazdan, autist çaga akyl taýdan kämil bolup, ylymyň we sungatyň käbir ugurlarynda üstünlik gazanyp bilýär. Ondan ussat sazanda, alym, suratçy kemala gelip bilýär. Şonuň bilen bir wagtda hem, şeýle çaga öý hojalygynda we jemgyýetde möhüm bolan ýönekeýje endiklerden we ukyplylykdan baş çykaryp bilmän, kynçylyk çekip biler. (Autizmiň sebäpleri, alamatlarynyň köpdürliligi barada doly maglumaty, saýtymyzda ýerleşdirilen "Çaga autizmi: sebäpleri we alamatlary" atly makaladan okap bilersiňiz)

Autizm şeýle bir seýrek hem duş gelenok. Statistiki maglumatlara görä, Beýik Britaniýada her 10000 çaga 60 ýagdaý (2001-nji ýylyň görkezijileri), ABŞ-da − 10000-e 55-57 ýagdaý (2006 ýyl), Kanadada − 10000 çaga 102 ýagdaý (2006ýyl) hasaba alynýandyr. Autizm esasan hem oglanjyklaryň arasynda ýygy duş gelip, keseliň alamatlary 2-2,5 ýaşda ýüze çykýandyr.

Çagalarynyň autism keseli bilen keselländigini bilen ene-atalar uly kynçylyklara sezewar bolýarlar. Olar çagalarynyň başga çagalara meňzemeýändigine düşünýärler, olary özlerini günäli duýma, lapykeçlik ýaly duýgular gurşap alyp, dowamly stress ýagdaýlarynyň döremegine sebäp bolýar. Esasy zat − ruhdan düşmezlikdir. Çaga psihiatrynyň kömegi bilen, çagalaryny ýaşaýyş şertlerine we daşky gurşawa uýgunlaşdyrmaga kömek edýän usullary we meýilnamalary ulanmak − bu ugurda edilmeli birinji esasy ädimlerdir. Ene-atalar çagalaryna düşünmäge, onuň bilen emosional gatnaşygy sazlamaga, ýüze çykan kynçylyklary çaga düşnükli we ýaramly bolar ýaly şertlere özgertmäge çalyşmalydyr. Bu ýerde, şeýle kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolan beýleki maşgalalar bilen aragatnaşyk açmak peýdaly bolup biler.

Autist çagalar bilen sosial uýgunlaşma terbiýesini geçirmek we olar bilen gatnaşyk saklamak mähirliligi, sabyrlylygy we üstünlige bolan ynamlylygy talap edýändir.

► Ene-atalar ilki bilen çaga üçin emosional amatlyklary döredip we onda özüne bolan ynamlylygy we goraglylyk duýgusyny berkidip, dine şondan soň özüňi alyp baryşyň täze görnüşlerini we ýaşaýyş endikleri terbiýelemäge girişmelidir.

► Şeýle çagalara bu dünýäde ýaşamagyň çylşyrymlydygyny ýatda saklamalydyr. Şonuň üçin körpejäniň hereketlerine gözegçilik etmäge, onuň her hereketini we sözüni düşündirmäge çalyşmalydyr. Bu bolsa öz gezeginde kiçijik adamynyň içki dünäsiniň baýlaşmagyna, öz duýgularyny söz bilen beýan etme talabynyň döremegine itergi berip biler.

► Düzgün bolşy ýaly, geplemeýän autist çagalar hem sözleme talap etmeýän ýumuşlary höwes bilen ýerine ýetirýärler. Kiçijik bölejiklerden ybarat şekilleri (pazl) düzmegiň, loto, mozaikalary ulanmagyň kömegi bilen gatnaşyk açmaga, olary bilelikde geçirilýän çärelere imrikdirmäde çalyşmalydyr.

► Eger çaga bir zadyň ýanyna barsa, onuň adyny aýdyň, ol zady ellemäge rugsat beriň. Şeýle çagalar üçin zadyň adynyň we onuň ulanyş maksadynyň gaýtalanmagy wajyp bolup, olary öz "üns merkezine" salmaga kömek edýär.

► Eger autist çaga bir zat bilen gümra bolýan bolsa (meselem, özüni aýnada synlaýar), onuň bu hereketlerini söz bilen düşündirip, arasynda onuň alýan zatlaryny "ýatdan çykaran" boluň. Bu geplemeýän körpejäni psihologiki bökdençligi ýeňip geçip, zerur sözi aýtmaga mejbur edýär.

► Eger körpeje oýnawaçlar, zatlar bilen oýnaýan bolsa, ol hereketlere many bermäge çalyşmalydyr. Kubikleri goýýarys − otly gurýarys, kagyz bölejikleri saçyp, "baýramçylyk salýutyny" atýarys.

► "Oýunlar bilen bejergide" düzgünleri anyk bellenilen oýunlar ulanylsa peýdaly bolar. Her bir oýny ençeme gezek oýnap we düşündirip, çaga üçin ol oýnuň oýnalşyny belli bir "däbe" ýa-da endige öwüriň. Kiçijik autistler belli tertipde gaýtalanýan hereketleri halaýarlar.

► Autist çaganyň kynçylyklaryny kem-kemden, anyk maksatlary goýup çözmelidir: howsalalardan dynmaga kömek etmek, dörän gazaby ýeňip geçmek, çagany umumy maşgala işlerine imrikdirmek.

► Autist çagalaryň başgalaryň duýgularyny ýüzünden bilmekde kynçylyk çekýändigi sebäpli, olar üçin duýgularyny ýüzünden aýdyň görüp bolýan gahrymanly multfilmleri saýlamalydyr. Köp autist çagalara Tom atly otlyjyk ýarasa, olaryň köpüsine dürli duýgulary başdan geçirýän gahrymanlary bolan "Şrek" multfilmi gyzyklydyr. Pikire batyp, "öz dünýäsine gidýän" mahallary onuň ünsüni bölmäge çalyşmalydyr. Ýöne siziň keýpiňiz ýüzüňizden aýdyň "okalmalydyr" we çaga üçin düşnükli bolmalydyr.

► Körpejäni sahnalaşdyrylan oýunlara gatnaşmaga öwrenişdiriň. Başda onuň garşylyk görkezmegi hem mümkin. Eger siz oňa gyzyklanma döredip, sylaglama belleseňiz, autist çaganyň bu oýunlara öwrenişmegi we ondan lezzet almagy mümkindir. Sahnalaşdyran oýunlaryňyzda dogry, gowy we erbet, ýaramaz gahrymanlaryň gatnaşmagyny gazanyň. Şeýdip çaga nämäniň gowudygy we nämäniň erbetdigi barada sapak alar. Oýunlar çagalaryň ýa-da gurjaklaryň gatnaşmagynda sahnalaşdyrylyp, her kimiň oýnaýan gahrymany kesgitlenmelidir.

Gatnaşyklaryň adaty däldigine garamazdan, autist çaga köpçülikde bolmalydyr. Eger çagalar bagynyň terbiýeçileri çaga bilen işläp bilmeýän bolsalar, onda çaga kiçiler we ulular bilen gatnaşygy ýola goýup biljek, ýörite taýynlygy geçen mugallymy tapmalydyr. Autist çagalar mekdebe taýynlygy uýgunlaşdyryjy we düzediji merkezleriň uly bolmadyk toparlarynda geçmelidir. Ilkinji günler, çaga öwrenişýänçä, ene-atalara derslere gatnaşma rugsat berilýär.

Autizm bilen çaga bütin ömrüni ýaşaýar. Ol ene-atanyň, mugallymlaryň, daşyny gurşap alýan adamlaryň kömegine we goldawyna mätäçdir. Olarsyz ol ýaşap bilmez.

  • 2187 gezek okalan