7-nji APREL – BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI "SÜÝJÜLI DIABETDEN ÜSTÜN ÇYKALY!" ŞYGARY BILEN BELLENILÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.69 (13 Ses)

Dünýäde süýjüli diabetden ejir çekýän 247 mln. golaý adam ýaşaýar.

Keseli bejermegiň we öňüni almagyň iň netijeli ugry – kesel barada habarly bolmakdyr. Aşakda beýan edilýän delillere siz adaty habar beriş serişdelerinde duş gelmeýäňiz. Olar barada lukmanyňyz hem size aýtmaz. Ýöne bu deliller size bu keseliň döredýän kynçylyklarynyň çynlakaýdygyny aňşyrmaga kömek edip biler.

1. Diabetiň II görnüşinden ejir çekýän adamlaryň 90%-i beden agramynyň artykmaçlygyndan hem kösenýärler. Semizlik – köpleriň pikir edişi ýaly, keseliň duçar edýän kynçylygy bolman, onuň sebäbidir. Aşa köp iýmek, fiziki işjeňligiň bolmazlygy diabetiň II görnüşiniň döremegini tijendirýändir.

2. Her ýyl, diňe ABŞ-da diabet kesellileriň aýaklarynyň amputasiýasynyň (kesilip aýrylmagynyň) 80 000 golaý operasiýasy geçirilýär. Lukmanlaryň bellemegine görä, bejerginiň we berhiz tutmagyň hemme düzgünleri berjaý edilende, olaryň 50%-niň öňüni alyp bolýandyr.

3. Diabet 20 ýaşdan 74 ýaşa çenli bolan adamlaryň görşüniň peselmeginiň we körlügiň ýüze çykmagynyň esasy sebäpleriniň biri hasaplanýar. Lukmanlar görüş bilen bagly kynçylyklar döränden lukmanlara basym ýüz tutulmagynyň, bu ýaramaz ýagdaýlaryň 90%-iň öňüni almaga kömek etjekdigini belleýärler.

4. Süýjüli diabet – ýüz millionlarça adamlaryň duçar bolýan keselidir. Şonuň üçin ol dünýädäki meşhur adamlaryň hem deňinden geçen däldir. O. Genri, E. Hemingueý, F. Ranewskaýa, Ýu. Nikulin, N. Hruşşew, döwürdeşlerimizden bolsa Ş. Stoun, S. Stallone, M. Boýarskiý hem bu keseliň dürli görnüşlerine duçar boldular.

5. Diabet – agzyň nemli bardasynyň sowuklama keselini (gingiwit) döredýän esasy sebäpdir. Bu kesel diş etini zeperläp, dişleriň dargamagyna sezewar edýändir. Ýöne diş lukmanlaryna wagtynda ýüz tutma, gingiwitiň gaýtaüzülmeleriniň öňüni almaga kömek edip biler. Gynansakda, soralan diabet bilen näsag kesellileriň diňe 50%-i diş lukmanynyň kadaly maslahatyny alýandygyny aýtdylar.

6. Çilim çekýän diabet bilen näsag adamlarda dümewden we öýken sowuklamasyndan soňky gaýraüzülmeleriň döreme ähtimallygy 6 esse ýokarlanýandyr.

7. "Süýjüli däl diabet" diýen kesel hem bardyr. Bu keseli wazopressin gormonynyň ýetmezçiligi bilen döräp, alamatlary boýunça meňzeş bolup biler: teşnelik, ýygy-ýygydan buşukma, deriniň guramagy, gamgynlylyk, ýadawlylyk.

8. Çilim çekme gan damarlarynyň gysylmagyna we kateholamin maddalaryň işjeňleşmegine getirip, süýji keseliniň döreme mümkinçiligini ýokarlandyrýandyr.

9. Süýjüli diabet – böwrek ýetmezçiliginiň ýüze çyknagynyň esasy sebäbidir.

10. Diabet jyns gormonlarynyň derejesine we jyns agzalarynyň gan damarlarynyň ýagdaýyna täsir edip, seksual höwesiň we işjeňliginiň ýagdaýyny üýtgedip biler.

  • 2188 gezek okalan