GARAGURT MÖÝÜŇ ZÄHERINI AGYRSYZLANDYRYJY DERMAN HÖKÜMINDE ULANYP BOLAR.

  • Lukman
1 1 1 1 1

Möýleriň, ýylanlaryň we başga mör-möjekleriň zäheri ölüme getirip bilýändir. Oňa garamazdan, Kwislend Uniwersitetiniň alymlary käbir zäherleriň peptidli böleginiň agyrsyzlandyryjy derman serişdeleriniň esasyny düzüp biljekdigini anykladylar.Dowamly agyrlardan ejir çekýän millionlarça adamlar täze öndürilen agyrsyzlandyryjy serişdeleriň kömegi bilen ýaşaýarlar. Ýöne bu dermanlaryň ukladyjy häsiýetiniň hem ýüze çykyp, adam üçin howply bolmagy mümkindir.

Alymlaryň Protx-II diýip atlandyran ýaşyl peruan mahmal garagurtynyň zäheri hem güýçli agyrylary aýyrmaga ukyplydyr. Bu açyşyň awtorlary Protx-II nähili täsir edýändigini düşündirdiler. Madda nerw öýjükleriniň membranalaryndaky reseptorlar bilen baglanşyp agyryny aýyrýandyr. Garagurtyň zäheriniň işjeň peptidi entek alymlar tarapyndan öwrenilýän bolsa-da, olar bu barlaglaryň kömegi bilen diňe agyrsyzlandyryjy dermany döretmän, eýsem beden öýjükleriniň başga zäherlere bolan duýujylygyny anyklamagy tama edýärler.

  • 1427 gezek okalan