ERKEK ADAMLAR ÜÇIN NIÝETLENEN GÖWRELILIGIŇ ÖŇÜNI ALYŞ GERDEJIKLERINI DÖRETME SYNANŞYLÝAR.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Ýaňy-ýakynda alymlar tarapyndan anyklanylan JQI molekulasynyň kömegi bilen erkekler üçin içilýän, gormon bolmadyk serişdäni döredip boljakdygy barada bostonly barlagçylar habar berdiler. Alymlar molekulanyň täsirini gemrijilerde öwrenip, olarda soňundan dikeldilip bolunjak önelgesizligiň (dölüň mukdary azalyp, erkeklik öýjükleriniň hereketleri peselýär) döreýändigini anykladylar. Ýöne seksual häsiýetliligiň saklanýandygy bellenildi.

Alymlar ýumurtgajyklarda döli öndürýän öýjüklere serişdäniň barmagyny kynlaşdyrýan bökdençligiň bardygy sebäpli, erkek kontraseptiwini döretmegiň kynçylyklydygyny belleýärler. JQI molekulasy ýumurtgajyklaryň BRDT belogynyň emele gelmegini togtadýar. Bu belok önelgeliligi saklamaga kömek edip, onuň emele gelmeginiň togtadylmagy göwreliligiň öňüni alýandyr we testosteron gormonynyň derejesine täsirini ýetirýän däldir.

  • 1308 gezek okalan