GIJE IŞLEMEK NETIJESINDE UKYNYŇ BOZULMAGY ERKEK ADAMLAR BILEN DEŇEŞDIRLENDE, AÝALLARA HAS ÝARAMAZ TÄSIR EDÝÄR.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

Gije-gündiz (sirkad) sazlaşygynyň bozulmagynyň aýallara edýän ýaramaz täsiri barada Surreý uniwersitetiniň barlagçylary belläp geçdiler. Diňe bir ukynyň ýaramaz hili bu sazlaşygyň bozulmalaryna öz täsirini ýetirmän, eýsem gije işleme ýagdaýy hem ýetirýändir. Gijeki sagatlar işleýän aýallar aýda birnäçe gezek keýpiniň we özüni alyp barşynyň üýtgemegine sezewar bolýarlar. Ondan başga-da, gijeki ukynyň kadaly alynmazlygy ünse, mehanizmleri dolandyrma endigine täsir edýär, ýatda saklama mümkinçiligini peseldýär.

Gijeki işjeňlik erkek adamlara ol diýen ýaramaz täsir etmeýär, çünki bu endik olar üçin gadymýetden öwrenilen häsiýet bolup durýandyr. Hünärmenleriň bellemegine görä, ukynyň ýetmezçiliginden döräp biljek ýaramaz ýagdaýlar esasan lukman, şepagat uýalary, garawullar we polisiýa işgärleri bolup işleýän aýallarda duş gelip biler.

  • 1249 gezek okalan