GEÇEN NESILLER BILEN DEŇEŞDIRLENDE, DÖWÜRDEŞ NESLIŇ ÇAGALARYNYŇ FIZIKI ÇYDAMLYLYGY PESDIR.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

Günorta Awstraliýanyň uniwersitetiniň alymlarynyň bellemegine görä, häzirki nesliň çagalary, öz ene-atalary bilen deňeşdirlende çalt ylgamaga ukyply däldirler. Barlagçylar 50 ýylyň dowamynda, dünýäniň 28 sany ýurdundan bolan 25 mln. çaganyň fiziki görkezijilerini deňeşdirip, bu sanlaryň ýyldan ýyla peselýändigini bellediler. Meselem, 30 ýyl mundan ozalky deň-duşlary bilen deňeşdirlende, häzirki nesliň çagalaryna 1,6 km. uzynlykdaky aralygy ylgap geçmek üçin 1,5 min. köp wagt gerek bolýandyr. Synagdan geçenleriň arasynda diňe ýapon çagalaryna ýokary fiziki işjeňligi görkezme başartdy. Bilermenleriň bellemegine görä, şeýle ýagdaýy semizlikden we az hereketlilikden ejir çekýäm çagalaryň sanynyň köpelmegi bilen düşündirip bolar. Soňky onýyllykda dünýäniň ençeme ýurtlarynda çalt garbanyş medeniýeti çagalaryň arasynda has meşhurlyk gazanyp, bedenterbiýa az üns berildi.

  • 1322 gezek okalan