ÇAGALARYŇ SOSIAL ULGAMLARDAKY GATNAŞYGY OLARYŇ RUHY ÝAGDAÝY ÜÇIN HOWPLYDYR.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Köpsanly barlaglar Internetdäki sosial gatnaşyklaryň uly adamlaryň saglgyna ýetirýän täsiriniň köpdürliligini belleseler hem, çagalar babatda ýagdaý başgarak çemeleşmegi talap edýär. Missuri ştatynyň uniwersitetiniň alymlarynyň bellemegine görä, sosial ulgamlarda gatnaşyklaryň we gepleşikleriň açylmagy çagalar üçin stress ýagdaýyny döredip, gatnaşma sagatlaryň dowamlylygynyň uzalmagy uzakmöhletleýin fiziologiki we ruhy bozulmalara getirip bilýändir. Tüýkülikdäki alfa-amilazanyň emele gelşi ýaly, kortizol gormony hem stresse bedeniň jogaby höküminde bölünip çykarylýandyr. Kortizol gormonynyň derejesi bedeniň stress görkezijisi bolup durýandyr. Sosial ulgamlarda wagtyňy geçirme näçe uzak boldugy saýyn, bedendede kortizol gormonynyň emele gelmegi şonça ýokarlanýandyr.

  • 1123 gezek okalan