DÖWÜRDEŞ MAŞGALA JÜBÜTLERI JYNSY GATNAŞYKLARY HAS SEÝREK GEÇIRÝÄRLER.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.88 (8 Ses)

Täze barlaglaryň netijesinde awstraliýaly alymlar, döwürdeş maşgala jübütleriniň jynsy gatnaşyklary seýrek geçirýändigini anykladylar. Bu ýagdaý durmuşyň çalt depginleri we maşgala gurlandan soň, işden başga wezipeleriň hem döreýändigi bilen düşündirilýär. Şeýlelikde, jynsy gatnaşyklara asla wagt hem galmaýar. Barlaglara öýlenen awstraliýalylar gatnaşdylar. Sorag etmeleriň görkezişi ýaly, olar bir hepdede ortaça 1,4 gezek jynsy gatnaşyk geçiripdirler. On ýyl mundan ozal bu görkeziji bir hepdede 1,8-e deňdi. Başga barlaglaryň görkezişi ýaly, 1990-njy ýylda britanlylar bir aýda ortaça 5 gezek jynsy gatnaşyklary geçiren bolsalar, 2010-njy ýylda by ýygylyk bir aýda 3 gezege çenly peselipdir.

Şeýle hem alymlaryň köpüsi Internediň jynsy gatnaşyklara täzelik girizmekde ornunyň ulydygyny belleseler, köpüsi täze tehnologiýalaryň pynhan gatnaşyklara zyýan ýetirýändigini subut edýärler. Adamyň işi bilen şahsy durmuşynyň arasyndaky araçäk ýitýär: köpler iş hatlara we jaňlara öýde jogap berýärler. Bu bolsa jynsy islegi peseldip, pynhan gatnaşyklarda ünsüňi jemlemäge päsgelçilik döredýär.

  • 1411 gezek okalan