ALYMLAR ADAMYŇ ÖMRÜNIŇ HAÝSY DÖWRÜNDE DOSTLARYNYŇ AZALÝANDYGYNY ANYKLADYLAR.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

Aalto fin Uniwersitetiniň alymlary adamyň dostlarynyň 25 ýaşa çenli köpelip, ömrüniň dowamynda barha azalýandygyny anykladylar. Barlaglaryň netijesi 25 ýaşda gyzyň bir aýda 17 adam bilen gatnaşyk saklasa, erkek adamyň 19 adam bilen gatnaşyk açýandygyny görkezdi. Ýöne alymlar 39 ýaşyň sepgidinde bu görkezijileriň peselýändigini belleýärler: erkek adam 12 adam bilen aragatnaşyk saklasa, aýal 15 sany adam bilen gatnaşýar.

Ekspertler adamyň ýaşy ulaldygyça, şonça hem görüşýän dost-tanyşlarynyň sany azalyp, 80 ýaşa çenli dostlaryň sany 5-8-e çenli azalýar diýen netijä geldiler.

Alymlar bu ýagdaýy şeýle düşündirýärler: 30 ýaşa çenli adamlar durmuşda öz ýerini gözleýärler, şonuň üçin hem täze adamlar bilen tanşyp, aragatnaşyk saklaýarlar. Haçanda durmuşda belli bir maksatlara ýetilip, durnuklylyk gazanylandan soň, dostlaryň we tanyşlaryň köp bölegi bilen wagtyň çäkliligi sebäpli ýa-da durmuşy gyzyklanmalaryň üýtgändigi sebäpli gatnaşmak bes edilýär.

  • 1108 gezek okalan