ÇAGANYŇ HORLAMAGY, ONUŇ MEKDEP DERSLERINI ÝARAMAZ ÖZLEŞDIRMEGINIŇ SEBÄBI BOLUP BILER.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

Eger çaganyň mekdepdäki ýetişigi pes bolsa, onuň sebäbini gijeki ukynyň hiliniň pesliginden, has takygy horlama häsiýetiniň barlygyndan hem gözleme dogry bolar. Çikago Uniwersitetiniň barlagçylary çaganyň hemişe horlamagynyň onuň ünsüni jemlemeginde we okuw sapaklaryny özleşdirmekde kynçylyk döredip biljekdigini anykladylar. Ukyda horlama netijesinde dem alşyň birnäçe gezek saklanmagy we dikeldilmegi bolup geçip, bu ýagdaý beýniniň gan aýlanşygyna ýaramaz täsir edýär. Ulalan badam şekilli mäzler we burnuň adenoid mäzleri çagalaryň horlamagynyň has köp duş gelýän sebäpleri bolup durýandyr.

Mekdep ýaşly 1359 sany çaganyň gatnaşmagynda geçirlen barlaglar, wagtal-wagtal döreýän horlamanyň hem ünslülik, ýatkeşlik we pikir etme häsiýetlerine ýaramaz täsirini ýetirýändigini görkezdi.

  • 1471 gezek okalan