RAK ÖÝJÜKLERINI DARGATMAGA UKYPLY USUL IŞLENILIP HÖDÜRLENDI.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Rak öýjüklerini dargatmaga mümkinçilik berýän usuly Tehas Uniwersitetiniň alymy, dosent Metýu Gdowin öz ady bilen hasaba goýdy. Bu tehnologiýa iki sagadyň içinde rak öýjükleriniň 95%-den gowragyny ýok etmäge ukyplydyr. Täze usulyň esasynda howply döremä nitrobenzaldegid himiki birleşmesini göýbermek ýatýar. Bu madda çişiň dokumasyna aralaşyp we rak öýjükleriniň içinde turşy gurşawy emele getirip, öýjükleriň dargamagyna getirýändir.

Bu usul süýt mäzleriniň ragy bilen keselli näsaglarda barlanylyp, himiki madda göýberlenden soň howply çişiň iki esse kiçelendigi, näsaglaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga mümkinçiligiň dörändigi aýdyň göründi.

M. Gdowin bu usuly ulanmagyň ýakynlaşmasy kyn bolan ýerlerdäki howply çişleri bejermekde (meselem, beýniň sütüninde, oňurgada, aortada) peýdaly we netijeli boljakdygyna tama bildirýär.

  • 1069 gezek okalan