ÝODA ALYP BARÝAN UMYT

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.77 (22 Ses)

30-njy IÝUL – ADAM SÖWDASYNA GARŞY GÖREŞMEGIŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNÜDIR.

Gündelik dünýä täzeliklerini görenimizde gowy habarlardan betbagtçylykly habarlar has agdyklyk edýär. Käbir meseleler, gynansakda, belli bir derejede hemme ýere mahsus meseleler bolup durýarlar: jynsy gulçulyk, maşgala içinde zulumlyk (esasan aýal maşgalalara garşy), jynsy erjeşme, islenilmedik göwrelilik. Bu ýagdaýlaryň esasy sebäpleriniň biri – garyplyk, ýagny ýeter-ýetmezçilik diýsek ýalňyş bolmazmyka diýip pikir edýärin.

Bulara öz rahat öýlerimizde, çaý başynda seredip, başgalaryň başdan geçirýän durmuşy wakalaryna biparh garamak örän aňsat. Eýsem bu betbagtçylyklarda çekilýän ejir her birimizde deň duýulmazmy ahyryn? Aramyzdaky sanlyja duýgudaşlyk bildirýänlerimiz bolsa bu meseleleri çözmekde özlerini güýçsiz, alaçsyz duýýarlar. "Eýsem biz nädip kömek edip bileris?" diýen soraglaryna jogap tapman, umytsyz, göwniçökgünlik bilen galýarlar.

"Ýoda döreýar" dokumental filminde edil şu soragy orta alyp, Nikolas Kristof bilen Şeryl Wudan ABŞ-nyň Boston, Çikago, Atlanta, Neşwil ýaly uly şäherleriniň we Gaýiti, Kolombiýa, Kenýa ýaly ýurtlaryň arasynda syýahat edip, bu meseleleriň pidalaryny, sebäplerini we çözgütlerini yzarlaýarlar.

Şol bir atly kitabyň esasynda döredilen bu film, jenap Kristof bilen hanym Wudanyň bilelikdäki ikinji işleridir. Nikolas Kristof New York Times gazetiniň tanymal işgäri, ýazyjysy, kolumnisti. Ol edebiýatda we žurnalistikada tapawutlananlara berilýän Pulitzer baýragynyň iki gezek ýeňijisidir. Onuň aýaly Şeryl Wudan hem bu baýragyň ýeňijisi bolup, ösüp barýan ýurtlar bilen işleýän halkara banka ýolbaşçylyk edýär.

Üç bölümden ybarat filmiň birinjisi tamamlanmanka öz erkekligime ýigrenç döräp başlady. Sebäbi jynsy gulçulygyň we zulmyň pidasy bolýan aýal-gyzlaryň çekýän ejirlerine belli bir derejede her birimiziň (erkekleriň) jogapkärdigimize düşündim. Bu pikirlere bir ýönekeýje hakykat getirdi, ol hem "talap bolmasa üpjünçilik hem bolmaýar". Biziň (erkekleriň) jynsy gatnaşyklara, aýal- gyzlara bikanun we ahlaksyz çemeleşmegimiz jigilerimiz ýaly päk gyzlary wagşy isleglerimiziň astynda galdyrýar.

Eýsem bu näsag garaýyşlar nireden döreýär? Meniň pikirimçe, aglabasy pornografiýa bilen agdyklyk edýän Internetden. Galany hem "erkekligimizi" biri-birimize subut etmek üçin öz aramyzda gyzlar barada edýän çen-çaksyz, sylagsyz gürrüňdeşliklerimizden.

Filmiň birinji bölüminde seks gulçulygyna uçran Magdalena, kiçiliginden atasy tarapyndan yzygiderli zorlanyp, "Men oral seksi adaty bir zatdyr öýtýädim" diýip gürrüň berýär. Şol bir şäherde (Neşwil, ABŞ) önüp ösen Şana atly gyz bolsa neşä pul tapmak üçin "sutenýora" ejesi tarapyndan 12 ýaşynda satylýar. Gaýitide bolsa gulçulyga berlip, zulumlykdan ejir çekýän gyzjagazy Çaga Hukuklaryny Goraýyş guramalarynyň işgärleri azat etmäge dyrjaşýarlar. Çikagoda tenini satýan aýallara derek olaryň erkek müşderileriniň jezalandyrylmagynyň tejribeleri we netijeleri barada gürrüň berilýär. Şeýle-de, Bostonda öýünden gaçyp ýa-da habardar bolman Internet tanyşlygy arkaly gulçulygyň pidasy bolup halas edilen ýetginjek gyzlaryň mysallary bilen tanyşdyrylýar.

Bu filmi görüp iki zada düşündim. Birinjisi, bu kynçylyklaryň ählisine çözgüt özümizden başlanýar. Ikinjisi bolsa, filmde şöhlelendirilen gaýduwsyz adamlaryň işlerinden ählimiz görelde alyp, olary yzarlasak, tapawudy ýok, adalatsyzlyklar Çikagodamy, Navrobide ýa-da başga şäherdemi, umytsyz ýerde hem çykalga, ýoda döreýär.

Sebäbi, "umyt – bu bir oba alyp barýan ýoda ýalydyr. Aslynda ýoda bolmanam biler, emma adamlar şol bir çyzykdan ýöremeklerini, işlerini dowam etdirseler ýoda döreýar".

Makalanyň awtory: Kemal Körbaýew

Ulanylan WEB Salgylar: A Path Appears
Bölüm 1
/ Bölüm 2 / Bölüm 3

  • 1854 gezek okalan