ALYMLAR TATU GEÇIRMEK ÜÇIN ULANYLÝAN REŇKLERIŇ HOWPLULYGYNY BELLEÝÄRLER.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (1 Ses)

Ýewropa himiki agentliginiň alymlary tatuaž geçirmek üçin ulanylýan reňkleriň howplulygyny subut edýän barlaglary geçirdiler. Bu reňkler zäherli bolup, dürli keselleri, şol sanda allergiki täsirliligi we rak keselini döretmäge ukyplydyr. Reňkleriň içinde iň zäherlisi gyzyl reňk bolup, zäherliligi boýunça soň gök, ýaşyl we gara reňkler bellenilýändir.

Alymlaryň tatuaž geçirmek meselesi bilen gyzyklanmagy tötänden däldir: Ýewropa ýurtlarynda tatuažyň ösýän meşhurlygyna seretmezden, käbit ýurtlarda (meselem, Beýik Britaniýa) ony geçirmek üçin ulanylýan serişdeleriň hil taýdan ygtyýarnamasy tassyklanmadykdyr.

Saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleri hem tatuaž geçirmegiň düzgünleriniň bir bellenilen we gözegçilikde saklap boljak ülňülere salynmagynyň wajypdygyny belleýärler. Meselem, tatuaž geçirýän hünärmen, müşderinden gan akýan bolsa hem, bir gezek ulanylýan ellikleri geýmäge borçly däldir. Işlerinde bir gezek ulanylýan gurallary ulanmak barada hem kabul edilen berk talaplar ýokdur. Bu bolsa tatu-salonyň bir müşderinden beýlekisine ýokançlyklaryň aňsat ýaýrama ähtimallygyny ýokarlandyrýandyr.

  • 1006 gezek okalan