BAGTLY MAŞGALALARDA JÜBÜTLER BEDEN AGRAMYNY KÖP ALÝARLAR.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Alymlar özara düşünişme bilen ýaşaýan agzybir, bagtly maşgalalarda maşgala jübütleriniň artykmaç beden agramly bolýandygyny belleýärler. Alymlar 4 ýylyň dowamynda 170 sany maşgala jübütleriniň durmuşyna syn edip şeýle netijä geldiler. Näme üçin?

Bagtly, asudalyk höküm surýän maşgalada adamsyny söýýän aýal dürli tagamlary bişirip ärine hödür edýär, onuň göwnünden turmak isleýär. Ondan başga-da, asuda, dartgynsyz, agzybir durmuş ýakymly duýgulary döredip, nerw ulgamynyň stressiz ýagdaýyny üpjün edýär. Onsoň nädip şeýle ýagdaýda semremejek?

Tersine, aýrylyşma alyp barýan dawa-jenjelli maşgala durmuşy nerw ulgamy ýadadýar. Jübütleriň biri-birine üns berip, idetmegi barada gürrüň hem ýok.

Başga barlaglar bolsa, bagtly maşgala jübütleriniň dawaly aýrylyşmany başdan geçiren jübütlere garanyňda uzak ýaşaýandygyny äşgär etdi.

  • 1206 gezek okalan