GÖWRELILIK DÖWRÜNDE PARASETAMOLYŇ KABUL EDILMEGI ÇAGANYŇ ÖZÜNI ALYP BARŞYNA TÄSIR EDIP BILER.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (3 Ses)

Göwrelilik döwründe bu agyrsyzlandyryjy serişdäniň kabul edilmegi, geljekde nerw ulgamy ýokary duýujylykly, nerwozly çagalaryň dünýä inmegine getirip biler. Bristol Uniwersitetiniň alymlary göwrelilik döwründe asetaminofen serişdesiniň kabul edilmeginiň çagalarda aşa hereketjeňligi döredip biljekdigini anykladylar. Bu serişde göwrelilik döwri ulanylmaga gadagan edilmese hem, onuň kabul edilmegini çäklendirme wajypdyr. Parasetamol ady bilen belli asetaminofen dermanynyň täsiri esasan çagalaryň 15 aýlyk ýaşynda ýüze çykýar. Dogrumdan soň bu serişdäniň ulanylmagy howpsuz bolup, çaga emdirýän aýallara hem bu dermanyň maslahat berilýän mukdaryny ulanma rugsat berilýär.
 

  • 1215 gezek okalan