ALYMLAR: ADATY DERMANLAR BEÝNINIŇ IŞJEŇLIGINI PESELDÝÄNDIRLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)
Antiholinergiki täsirli derman serişdeleriň
birnäçe görnüşini birden kabul edýän
adamlar özlerini howp astyna salýandyrlar.

"Allergiki täsirlere, ýüregagyra we ruhyçökgünlilige  garşy (antidepressantlar) niýetlenip, giňden ýaýran derman serişdelerini bir wagtda kabul etmeklik beýniniň işjeňligini peseldýär, ölüm töwekgelçiligini artdyrýar" — diýip, iňlis alymlarynyň topary hasaplaýar.

Olaryň berýän maglumatlaryna görä, ýer ýüzüniň 65 ýaşdan uly bolan ilatyň ýarysy diýen ýaly şeýle dermanlaryň birini ýa-da birnäçesini kabul edýändir.

Amerikanyň gerontolog-lukmanlaryň assosiasiýasynyň žurnalynda çap edilen ylmy makalada hem dermanlaryň köp görnüşini şol bir wagtyň özünde kabul etmek arkaly bejergi toplumyny geçýän adamlaryň uly töwekgellige baş urýandyklaryny nygtalýar. Şunuň bilen birlikde, makalanyň awtorlary bejergi geçip ýören adamlara eýýam bellenilen dermanlary kabul etmekligi şobada goýbolsun etmegi maslahat bermeýärler.

Аntiholinergiki täsir

Ylmy-barlaglaryny geçiren hünärmenler esasan hem asetilholine, ýagny beýniniň bir öýjüginden beýleki öýjügine habar berişi amala aşyrýanhimiki madda  täsir edýän derman serişdelerine üns berdiler. Şeýle barlaglaryň netijesinde giňden ýaýran derman serişdeleriniň goşmaça antiholinergiki täsiriniň bardygy mälim boldy. Bu derman serişdeleri beýniniň öýjükleriniň «habar beriş» ukybyny peseldýärler.

Ylmy-barlaglarynyň netijesinde alymlar şeýle dermanlaryň sanawyny düzdüler. Bu sanawa 80 derman serişdesi girýär. Alymlar olara antiholinergiki täsiri boýunça 1-3 aralygyndaky täsirlilik derejesini bellediler: 1-nji derejeli topara beýniniň işine az täsir edýän, 3-nji derejeli topara beýniniň işine güýçli täsir edýän derman serişdeleri girýär. 

Gerontolog lukmanlar 65 ýaşdan uly 13 müň meýletinçiniň gatnaşan tejribe synagynyň netijelerini mälim etdiler. Olar 3-nji derejeli täsiri bolan bir derman serişdesini we 1 ýa-da 2-nji derejeli täsiri bolan iki derman serişdesini kabul edýän adamyň beýnisiniň işjeňliginiň peselýändigini ýüze çykardylar.

Netijeler we goşmaça täsirler

1991-1993 ýyllar aralygynda geçirilen barlaglaryň netijesinde şular mälim boldy:

1-3 aralygyndaky derejeli derman serişdelerini kabul edenleriň (olaryň kabul eden dermanlarynyň ballary 4-den ýokarydy) bäşden bir bölegi şol döwürde aradan çykdylar. Emma antiholinergiki täsiri bolan dermanlary kabul etmedikleriň arasynda ölüm derejesi bary-ýogy 7% boldy. 

Antiholinergiki täsirli dermanlary (5 we ondan köp bally) kabul eden adamlaryň beýnisiniň işjeňliginiň 4% peselýändigi hem mälim boldy.

Alymlar: "Şeýle dermanlary kabul etmeklik bilen adamlaryň ölmeginiň arasynda baglanyşyk bardyr, ýöne bu dermanlar gönüden-güni öldürýär diýip atmak bolmaz" diýip belleýärler.

"Bejergi geçirýän lukmanlar özleriniň gartaşan syrkawlarynyň haýsy dermanlary kabul edýändiklerini yzygiderli barlap durmalydyrlar. Olar diňe bellenilen dermanlara däl, eýsem syrkawyň dermanhanadan özbaşdak satyn alan dermanlaryna hem üns bermelidirler. Mümkin bolan ýagdaýynda, antiholinergiki täsirli dermanlaryň birnäçesini şol bir wagtda bellemeli däldir" — diýip, ylmy-barlag işleriniň ýolbaşçysy Kris Foks aýdýar.

"Lukmanlar derman serişdelerini köp belleýärler"

Beýik Britaniýanyň  umumy amallar bilen meşgullanýan lukmanlaryň Patyşa kolejiniň ýolbaşçysy Kler Jeradyň aýtmagyna görä, bu ylmy-barlag işleriniň netijelerine örän çynlakaý garamalydyr. Kler Jeradyň berýän maglumatlaryna görä, iňlis lukmanlary antiholinergiki täsirli dermanlaryň howpuna düşünip, öz syrkawlarynyň kabul edýän dermanlarynyň sanawyny her 15 aýdan gaýtadan gözden geçirýärler.  Ol: "Esasy zat — dowla düşmän, bejergi geçirýän lukmanyňyz bilen maslahatlaşyň. Lukman bilen maslahatlaşmazdan, eýýam bellenilen dermanlary kabul etmekligi bes etmäň" diýip aýdýar.

Lukmanlaryň aglaba bölegi bu ylmy-barlaglaryň geçen asyryň 90-njy ýyllarynda geçirilendigini belleýärler. Ondan soňra ýagdaýyň has hem erbetleşen bolmagy ahmaldyr. Iýen Meydmentiň aýtmagyna görä, "antiholinergiki täsirli dermanlaryň kabul edilişi artandyr, sebäbi soňky döwürde lukmanlar derman serişdelerini öňküden has köp belleýärler".

Ulanylan WEB Salgy

  • 3880 gezek okalan