ALYMLAR ÇAGALYK DÖWRÜNDE SEÝREK DUŞ GELÝÄN GAÝNAGLAMA KESELINI – OTULIPENIÝA KESELINI ÝÜZE ÇYKARDYLAR.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Bu kesel esasan hem kiçi ýaşly çagalar üçin howply bolup, onuň esasy alamatlaryna gyzdyrma, deri örgünleri, içgeçme, bogunlarda agyrylar, ösüşiň yza galmagy degişli edilýändir. Otulipeniýa keseliniň sebäbi – otulin geniniň v hromosomadaky emele geliş bozulmalarydyr. Adatça bu gen gan damarlaryny we gan öýjüklerini ýokançlyklara garşy göreşe taplandyrýandyr. Gen bozulmasynda bu fiziologiki hadysa bolup geçmeýär. Otulipeniýa keseli immun ulgamyň bedeniň öz dokumalaryny dargatmagy netijesinde döreýän, ölümçilige getirip bilýän gaýnaglama keselidir.

Täze keseli açmaga adamynyň genomyny öwreniji Milli institutyň, allergiýa we ýokanç keselleri Milli institutynyň, ýüregiň, öýkeniň we ganyň kesellerini öwreniji Milli institutyň, direg-hereketlendiriş we deri keselleri Milli institutynyň alymlary gatnaşdylar.

  • 1155 gezek okalan