ÇALT IÝME ENDIGI DIŇE BEDEN ÜÇIN DÄL-DE, SAGLYK ÜÇIN HEM HOWPLYDYR.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Ýapon alymlarynyň bellemegine görä, gyssanman iýme diňe bedeniň syraty üçin däl-de, eýsem saglyk üçin hem peýdalydyr.

Gyssanyp çalt nahar iýýän adamlarda süýji keseliniň döreme töwekgelçiligi iki esse ýokarlanýandyr. Nahar iýlenden soň gandaky glýukozanyň çalt ýokarlanmagy onuň esasy sebäbi bolup durýandyr.

Hünärmenleriň bellemegine görä, dünýäde süýji keselli adamlar, hasaba alnanlardan hem köpdür. Köp adamlarda glýukozany özleşdirme hadysasynyň bozulmagy netijesinde onuň ganda ýokary derejesi kesgitlenýän bolsa hem, ol süýji keselini döretmek üçin ýeterlik dereje däldir. Bu ýagdaý wagtyň geçmegi bilen diabetiň II görnüşine sezewar edip biler.

  • 1058 gezek okalan