KADALY BEDEN AGRAMY GARRYLYK DÖWRÜNDE AKLYŇ DÜRSLIGINI SAKLAMAGA KÖMEK EDÝÄR.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (4 Ses)

Arizona Uniwerstitetiniň alymlarynyň bellemegine görä, garrylyk döwründe aklyň dürsligini we çalt pikirlenip netije çykarma endigini saklamaga bedeniň kadaly agramlylygy kömek edip biler. Semiz garry adamlaryň, olaryň kadaly beden agramy bolan deň-duşlary bilen deňeşdirlende, ünsliligi, pikirlenmegi we ýady pesdir. Ondan başga-da, artykmaç agramlylyk beýniň işine ýaramaz täsir edýän alawlama hadysasynyň döremegine getirip bilýändir. Bu bolsa Alsgeýmeriň we Parkinsonyň keseliniň döremegi üçin itergi bolup bilýändir. Artykmaç agramly garry adamlarda pes derejeli immun goraglylyk bolýar, sowuklama keselleri bilen ýygy keselleýär, çalt ýadaýarlar we ukysyzlykdan kösenýärler.

  • 1150 gezek okalan