ALYMLAR GAN BASYŞY ÝOKARLANÝAN ADAMLARYŇ KÖPELÝÄNDIGINI BELLEÝÄRLER.

  • Lukman
1 1 1 1 1

Londonyň Imperýa kollejiniň alymlarynyň alan maglumatlaryna görä, dünýä boýunça gan basyşy ýokary adamlaryň sany iki esse ýokarlanýandyr – 1975-nji ýylda hasaba alnan 594 mln. adamdan, 2015-nji ýylda 1 mlrd. çenli. Bu ösüş Ýer togalagynyň ilatynyň köpelmegi we gartaşan adamlaryň sanynyň ýokarlanmagy bilen baglanşyklydyr.

Barlagyň awtory Madžid Ezzatiniň bellemegine görä, gan basyşyň ýokarlanmagy ýürek-damar keselleriň we beýnä gan inme keseliniň esasy sebäbi bolup durýandyr. UPI.com.-yň habar bermegine görä, bu sebäpden her ýyl 7,5 mln. adam ölýändir (esasan hem ösüp barýan döwletlerde).

Gan basyşy ýokary adamlaryň sanynyň köpelmegi Bangladeş, Nepal ýaly girdejisi orta we pes bolan Günorta Aziýanyň döwletlerinde, Efiopiýa we Malawi ýaly Tropiki Afrikanyň döwletlerinde hasaba alnypdyr. Ondan başga-da, gan basyşynyň ýokarlanma kynçylygy Ýuwaş okeanyň ada görnüşli döwletlerinde we Merkezi hem-de Gündogar Ýewropanyň ýurtlarynda hem ýitidir. Meselem, Sloweniýa we Litwa.

ABŞ-da we Awstraliýa, Kanada, Germaniýa, Ýaponiýa, Şwesiýa ýaly ösen ýurtlarda gan basyşy ýokarlanýan adamlaryň sany azdyr. 2015-nji ýylda Awstraliýada, Kanadada, Beýik Britaniýada, Peruda, Singapurda, Günorta Koreýada we ABŞ-da bu keseliň ýaýrama görkezijileri has pes bolupdyr. Bu keselden her sekizinji aýal we her bäşinji erkek adam ejir çekipdir.
 

  • 983 gezek okalan